Ýaşaýşyň manysy — il-güne hyzmatda
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir güni uly toý-dabaralara, taryhy wakalara beslenýär. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhunly dabaralarynyň şaýady bolduk. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwletimiziň belent sylaglarynyň biri bolan Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Mugallym hökmünde ençeme ýyllaryň dowamynda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek babatda çeken zähmetime şeýle ýokary baha berilmegi kalbymy egsilmez buýsanja besledi. Bu sylagy diňe bir özüm üçin däl, eýsem, tutuş bilim ulgamynda zähmet çekýän zenan kärdeşlerime bildirilen belent hormat hökmünde kabul edýärin.
Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň bagtly eneleriniň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak, şol ýerde kabul edilen möhüm çözgütleriň şaýady bolmak hem biziň üçin belent mertebe boldy. Bu umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlaryny, ýaş nesliň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda öňe süren başlangyçlaryny tolgunman diňlemek mümkin däl. Biziň iň uly bagtymyz — asuda asmanyň astynda ýaşap, perzentlerimiziň bagtyýarlygyny görmekdir. Mugallym bolanymyz üçin ýurtda bolup geçýän her bir şanly waka, ilki bilen, ýaş nesliň terbiýesi nukdaýnazaryndan garaýarys. Şu günlerde ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça hem uly işler durmuşa geçirilýär. Biz bu taryhy wakalary sapaklarda giňden wagyz edip, ýaşlaryň kalbynda milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini oýarýarys.
Türkmen zenanynyň kalbynda enelik mähri bilen birlikde, tutuş maşgala, jemgyýete we aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine bolan uly jogapkärçilik ýaşaýar. Biziň jemgyýetimizde ýaşululara hormat goýmak asylly däplerimiziň biridir. Nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy aýdyň görkezýän ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aknabat AMANOWA,
Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi



















