HAKYDA HALKYŇ RUHY DÜNÝÄSINIŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR
Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde we agzybirlikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen nesilleriň şeýle agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemez kada öwrüldi. Şoňa görä-de, her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeyle hem durmuşymyzyň abadanlygy, halkymyzyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanylýar.
Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlikdir jebislik dürli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge ýardam edipdir. Geçen ýüzýyllyklaryň agyr bolan ýyllaryndan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesilleriň heläkçilikli tebigy hadysalaryň şehitlerine, Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna şirin janlaryny pida etdiler. Şoňa görä-de, asylly däbe eýerilip, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri, şeýle hem Watan goragy ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanylyp, olaryň hatyrasyna bina edilen ýadygärliklere hormat bilen baş egip, gül desselerini goýýarlar, aýat-töwir edýärler.
Halk hakydasyna hormat goýmak ruhy dünýämiziň aýrylmaz bölegi bolup, ol nesilleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýär. Sebäbi türkmen halkynyň taryhynda synagly we kynçylykly wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, halkymyz agyr ýitgilere sezewar bolanda-da kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Şu jähetden, paýtagtymyz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy we ýurdumyzyň beýleki ähli künjeklerindäki «Baky ot» ýadygärlikleri milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.
Ertir 6-njy oktýabr — Hatyra güni. Biz bu senede pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimizi, Gökdepe galasynyň edermen goragçylaryny, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys. 78 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi. Bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary heniz hem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler.
Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Beýik şahsyýetiň çeken yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary müdimilik ýatda galar. Çünki Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.
Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aşgabat ak mermerli şähere öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň geljek nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary jemlenýär. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň hem-de abadançylygyň mekanyna öwrüldi.
Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn, çuň many-mazmuna eýleýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik höküm sürýär. Ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Merhumlary hatyralamak ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däbidir, ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap öňe gitmäge ýardam berýär» diýip belleýär. Şoňa görä-de, watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň iň esasylarynyň biri bolup durýar. Agzybirlikde edilýän doga-dilegler bolsa aýratyn sogap we ruhy taýdan jebisligiň nyşany hasaplanýar.
Hatyra gününde öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler, ýagşy doga-dilegler kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe abadan durmuş höküm sürsün! Ýurdumyz gülläp össün! Dünýä parahat bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Çeşmesi: Rysgal gazeti



















