Hormatly Prezidentimiz Bakuwda we Ýerewanda geçirilen sammitlerde birnäçe möhüm teklipleri hem-de ynsanperwer başlangyçlary beýan etdi
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-16-njy oktýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasyna we Ermenistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Azerbaýjan Respublikasynda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak bilen, hormatly Prezidentimiz çykyşynda sammitiň çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýändigine, häzirki zaman halkara ýagdaýlarynyň döwletlerden parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ylalaşykly tagallalary talap edýändigine, şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumy bolmak bilen, syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly ugurlary öz içine alýan köpugurly dialog üçin amatly meýdançadyr.
Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy ugry Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň berk binýady we sebitde durnuklylygy üpjün etmekde ygtybarly şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyz bu Geňeşde synçy döwlet bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle-de öz çykyşynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giň ulanmagyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şeýle-de Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň giňeldilmegini we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýandygyny nygtady we parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny belledi.“Ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz 16-njy oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Liderler sammitindäki çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara giňişliginde möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygynyň hökmany şerti bolup durýandygyndan ugur alynýar. Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga, uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylaryny peseltmäge hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge uly üns berýär. Her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Seradrymyzyň Bakuwdaky we Ýerewandaky ýokary derejeli sammitlere gatnaşmagy we beýan eden teklipleri hem-de başlangyçlary halkara giňişliginde Türkmenistanyň belent abraýyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Almanar ÝAZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy



















