Azyk bolçulygy — oba hojalyk syýasatynda baş maksat
Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy toýlanylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda oba hojalyk pudagynda hem buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, bu ugurdaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şeýle belent sepgide ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ony ýitgisiz ýygnamakda uly işleri alyp baran oba hojalyk işgärleriniň her biriniň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde ýetildi.
Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti we olaryň çäklerinde guralan halkara çäreler, sergiler sebitiň oba we suw hojalyk, daşky gurşawy goramak ulgamlarynyň durnukly ösdürilýändigini dünýä giňişligine wagyz etdi.
9-njy oktýabrda geçirilen Hazar ekologiýa sammiti ýurdumyzyň başlangyjy bilen ilerledilen bäştaraplaýyn dialogy hil taýdan täze derejä çykardy.
7-nji oktýabrda Awazada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisinde, tohumçylygy ösdürmek boýunça «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisinde, seçgiçilik we tohumçylyk işiniň möhüm meselelerine, şeýle hem oba hojalyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga bagyşlanan halkara maslahatda GDA ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de şol gün sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Olarda nygtalyşy ýaly, suw serişdelerini netijeli ulanmak tutuş Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň esasy şertleriniň biridir.
Bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi. 2-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişilip, agrotehniki möhletlerde ýokary hilli alnyp barylýar. 9-njy sentýabrda bolsa Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýene bir möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna girişildi. Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen, Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Bu möhüm çäreler oba hojalygyny ýokary depginde ösdürmek we düýpli özgertmek, ony ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň netijesidir.
Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýeri aýawly, suwy tygşytly peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, daýhanlar, ýer eýeleri, mülkdarlar mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Dökünleri öndürýän toplumlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bugdaý oragy möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyza täze oba hojalyk tehnikalarynyň we awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyrynyň — «СLAAS» kysymly bugdaý orujy kombaýnlaryň, ýangyç guýujy, ýük daşaýjy, gulluk awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy daýhan hakda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin alnyp barylýan işleri agrotehniki kadalar esasynda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk işlerini has-da güýçlendirmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Ýurdumyzda ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmek, mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça işler üns merkezinde saklanýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek, dokma kärhanalaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça sazlaşykly işleri durmuşa geçirmek wajyp hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzyň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, kärendeçilerdir daýhanlar bilen duşuşmagy, olaryň hal-ýagdaýy barada yzygiderli gyzyklanmagy topraga ykbalyny baglan oba zähmetkeşlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Azyk howpsuzlygynyň meselelerini tiz çözmek maksady bilen, däne öndürmek boýunça degişli kararlar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge tarap ugur alyndy. Gahryman Arkadagymyz 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Ýurduň obasenagat pudagyny ösdürmek bilen, pagta we galla hasylyny ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar» diýip bellemek bilen, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilen sepgitleriň, ilkinji nobatda, beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýandygyna üns çekdi.
Oba hojalyk toplumynyň düşewüntliligi ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, topragy gurplandyrmagyň, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmagyň, ýerleri netijeli peýdalanyp, bir ýylda iki hasyl almagyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär. Oba hojalyk pudaklarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi yzygiderli pugtalandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen döredilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk, maldarçylyk we weterinariýa institutlarynda, oba hojalyk ugurly bilim ojaklarynda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, tohumçylyk işi ylmy esasda alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasyl berýän, kesellere durnukly täze sortlary döredilýär.
Oba hojalyk özgertmeleriniň rowaçlanmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty aýratyn orun eýeleýär. Onuň mejlislerinde oba hojalykçylaryň, daýhanlaryň haýyşlarydyr teklipleri göz öňünde tutulyp, möhüm çözgütler kabul edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwletli geňeşde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän giň gerimli halkara çäreleriň ähmiýetine üns çekildi. «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli gymmatlygymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, goraglylygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris» diýen sözlerinden ugur alnyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde obada işlemek üçin bilimli, tejribeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda uly üstünlikler gazanylýar. Munuň şeýledigine şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünärmen maksatnamasy boýunça oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy hünärleriniň, magistr maksatnamasy boýunça ösümlikleri goramak we biotehnologiýa taýýarlygyň ugrunyň açylmagy hem şaýatlyk edýär.
«Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek işi giň gerimde alnyp barylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň ikinji goýberilişi çap edildi. Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alyp baran ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetiren ylmy işleri girizildi. Uniwersitetiň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sanynyň okyjylara gowuşmagy hem şanly toýumyza ajaýyp sowgat boldy.
Berkarar döwletimizde azyk garaşsyzlygynyň binýady bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda ägirt işleri durmuşa geçirýän, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Allaberdi GAPUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor.



















