Öýümiziň eýesi, ömrümiziň dowamy
Maşgala bolmak maksady bilen goş birikdiren iki ýaş juwanyň ilkinji islegleriniň biri perzent söýgülemek bolsa gerek. Ol maşgala daragtynyň köküni berkidýän, ojaga ýylylyk, köňüllere nur, gujaga gelşik berýän gymmatlyk. Perzendi şeýle meňzetmeleriň onlarçasy bilen suratlandyrsa bolar. Şu gezek welin, ony öýümiziň eýesi, ömrümiziň dowamy hökmünde atlandyrmak isledim. Emma oýlanyp otursaň, bu kiçijik ynsanjyk diňe öýümiziň däl, ýüregimiziň, diňe ömrümiziň däl, eýsem, terbiýe mekdebimiziň hem dowamydyr. Türkmençilikde çaganyň edebi onuň özündenem öňde durýan ezizligi hasaplanyp, terbiýe bermek işine ol heniz ene göwresindekä başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, maşgalada çaganyň islegleri, olary dogry ýola ugrukdyrmak hakynda ýaş ene-atalara tejribeli psihologyň maslahatyny ýetirmek maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Selbi ATAÝEWA sowallarymyz bilen ýüz tutduk.
― Selbi Allaberdiýewna, ozalky söhbetdeşligimizde çaga psihologiýasy, onuň ýaşyna görä, psihologik ösüş aýratynlyklary, terbiýede kakanyň tutýan orny hakynda giňişleýin gürrüň edipdik. Şu günki söhbetdeşligimizde terbiýede tilsim hökmünde ulanylýan temmi bermek barada durup geçäýsek?! Ene-atalar temmiden nädip dogry peýdalanmaly?
― Bu sowala mysalyň üsti bilen düşünip geçeliň. Aýdaly, öýde çaga käse döwdi, şeýle ýagdaýda käbir ene-ata oňa temmi hökmünde çalarak şarpyk çalýar. Emma çaga näme üçin şarpyk çalnandygyna düşünenok. Bu ýagdaýda temmi bermegiň deregine ene-ata söz arkaly düşündirmeli: «Käsäni döwdüň, bu gowy hereket däl, indiki gezek seresap bol» diýip aýtmaly.
Elbetde, çaga temmi bermän terbiýelemek oňa hemme zady etmäge rugsat bermek däldir. Köp ene-atalar bu babatda ýalňyş pikirde bolýarlar. Bu usul çaga etseň bolýan we bolmaýan hereketleri tapawutlandyrmagy öwretmekdir.
Ýene-de mysala ýüzleneliň, çaga kagyz ýyrtyp otyr, ejesi oňa: «Beýtme» diýip, öz işine gümra bolýar. Çaga-da ýene şol hereketini üznüksiz gaýtalaýar. Şonda ene-ata ýaltanman, bir däl, birnäçe gezek düşündirmeli: «Muny ýyrtmaly däl, oňa surat çekmeli» diýip düşündirmeli. Şonda çaganyň 5-nji ýa 6-njy gezek diýeniňe düşünip, ony ýerine ýetirmegi mümkin. Emma hiç zat düşündirmezden çaga temmi berseň, ol kagyz ýyrtandygy üçin özüne şeýle çäre görülýändigine düşünmän galýar.
Gadagan zady çaganyň etmegine ýol bermeli däl. Mysal üçin, käwagt duş gelinýär. Kiçijik çaga ejesini ýa beýleki uly adamlary özüçe uran bolýar. Ilki bilen, şu hereketi etmeli däldigini söz bilen berkitmeli. «Beýtmeli däl» diýip, çaganyň gulagyna guýmaly. Munuň deregine ene-ata bu hereketi degişmä salyp gülse, çaga gowy zat edýändirin öýdýär we şeýle hereketlerini dowam edýär.
Esasy zat çaga temmi bereniňde, ol munuň näme sebäpdendigine düşünmeli. Mysal üçin, «Ýaňy dostuň bilen daşarda uruşdyň. Men şonuň üçin saňa daşaryk çykmagy gadagan edýän». Ene-ataň esasy borjy öz hereketiniň logikasyny, yzygiderliligini çaga düşündirmeli. Ýene bir gezek gaýtalap aýdýaryn, çaga näme sebäpden temmi berilýändigine hökman düşünmeli.
― «Ejeň, kakaň ýa beýleki uly adamlar senden gowy bilýär» diýip, çaganyň islegi bolmadyk ýagdaýynda basyş etmek dogrumy?
― Basyş etmek dogry däl, emma ene-ata öz islegini çaganyň islegine saýlaw hökmünde goýup biler. Mysal üçin, woleýbola gatnasy gelmän, futbol oýnamaga höwes edýän çaga ene-ata öz isleýän zadyny saýlaw hökmünde hödürläp biler. Olaryň arasynda aýda 15 gün woleýbola,
15 gün futbola gatnamaly diýip ylalaşyga gelinse bolar. Şeýle ýagdaýda käte wagtyň geçmegi bilen çaganyň özi ene-atanyň hödürlän zadyny öz islegi bilen dolanyp gelýär. Çaganyň ukyby bar, emma islegi ýok bolan zada ugrukdyrmak üçin onuň bu ugurda üstünlik gazanyp biljekdigini mazaly düşündirmeli. Çaga ene-ata öz pikirlerini, alada-gaýgysyny, begenjini höwes bilen aýdar ýaly etmeli. Ene-atanyň dünýäsi çagadan, çaganyň dünýäsi ene-atadan ybarat bolmaly.
Köplenç, çagany öz isleýän zadyňa ugrukdyrmak üçin onuň bilen bilelikde hereket etmek ähmiýetlidir. Mysal üçin, çaga kitap okamak islemese, ýanynda oturyp bile okamak onda höwesiň döremegine getirip biler. Umuman, çaga bilen elmydama gürrüň edip, onuň gyzyklanmasyny ösdürip durmaly.
Mysal üçin, daşarda uçup ýören kebelek gördüňmi, çaga: «Näme üçin onuň reňki şeýlekä?! Gel, hany okaly, men-ä düşünmedim, hany senem oka, belki, sen gowy düşünersiň» diýip, ony hemişe gözlege, bilesigelijilige çagyrmaly.
― «Iň güýçsüziň güýçlülerden hökümi zor» diýen jümle bar. Gerek ýerinde nädip çaganyň islegini ret etmeli?
― Aslyýetinde, çaga psihologiýada iň güýçli manipulýator hasaplanylýar. 7-8 aýlyk çagany elde göterip ýörkäň aglanok, ýere goýanyňda, derrew aglamaga başlaýar. Biraz ulurak çagalar hem şeýle hereket edýärler. Mysal üçin, çaga her gezek dükana baranynda, peýdasyz zatlary alyp bermegi talap edýär. Ene-ata bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýene-de çaga düşündirmeli: «Bizde jemi on ýa ýigrimi manat bar. Men saňa günde däl, aýda ýa hepdede şol pula düşýän zatlary alyp bilýän. Şondan artyk alyp bilemzok, ýa şuny, ýa ony almaly». Ilkinji gezekde, elbetde, çaganyň aglamagy, garşylyk görkezmegi mümkin. Şonda-da ene-ata sesini çykarman gaýtmaly, onuň agysyna ýa garşylygyna tabyn bolmaly däl. Ýogsam, çaga köpçülikde şeýle hereket etse, ejäniň ýa kakanyň onuň islegini berjaý edýändigini öwrenýär. Ýöne ýokarda hem belläp geçişim ýaly, çaga näme üçin ene-atanyň diýen zadyny satyn alyp bermeýändigine düşünmeli.
― Selbi Allaberdiýewna, söhbetdeşlik üçin size köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýar zamanasynda alyp barýan mugallymçylyk hem-de ylym babatdaky işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
― Sag boluň!
Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».



















