Ýaşlar hakdaky alada — geljek hakdaky alada
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güzünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylmagy, onuň öňüsyrasynda agzybirlik bilen geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi türkmen döwletliliginiň dowamat-dowamdygyny, halk bilen häkimiýetiň bitewüdigini görkezdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşyny üpçün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzy ösdürmegiň geljekki ugurlary kesgitlenilip, şunuň bilen baglylykda, ençeme resminamalara gol çekildi. Şolaryň biri-de döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasydyr».
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýip belleýär. Çünki häzirki zaman dünýäsinde umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda, abadan geljegi üpjün etmekde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Bu günki ýaşlar ertirki röwşen ertirlerimizi gurujylardyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň belent ahlaklylyk duýgularyna laýyklykda terbiýelenmegini, kämil bilim almaklaryny, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly şahsyýetler bolup kemala gelmegini gazanmak öňde durýan esasy wezipelerdir. Ýaşlar abadan geljegimiziň binagärleridir. Diýmek, ýaş nesilleriň ruhy sagdynlygy, beden taýdan berkligi, aň akabasynyň çuňlugy bagtyýar geljegi kepillendirýär.
Şundan ugur alsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy bilen, bu babatda öňde durýan anyk wezipeleriň we täze başlangyçlaryň kesgitlenmegi guwandyryjydyr. Olar talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamakdan başlap, ýaşlaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna giňden gatnaşmagyna gönükdirilendir. Sebäbi ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi we esasy sütüni bolup, biziň parahat geljegimiz şu günki ýaşlarymyz bilendir.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlary dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere eýedirler. Olar bilimlerini täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine gönükdirýärler. Ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetimiziň we raýatlarymyzyň abadançylygyny maksat edinýän jemgyýetçilik hem-de döwlet işlerine işjeň gatnaşýarlar, abraýly bilim, ylym, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini şertlendirmek bilen bir hatarda, täzeçil çemeleşmeleriň we tejribeleriň dürli pudaklara işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň, olimpiadalaryň hem ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, bu babatda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» bellenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýada bilim we ylym ulgamy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak işleri barha işjeňleşdirilýär, eziz Diýarymyzda dürli ugurlar boýunça talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara olimpiadalar geçirilýär. Ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak işleri dowam etdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Men bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagymda giňişleýin durup geçdim» diýip belledi. Şundan görnüşi ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmek, olaryň intellektual, döredijilik, ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň we parahatçylygyň bähbidine gönükdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksady bolup, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» bu ugurdaky anyk işleri durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Maksat ATAÝEW,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Çeşmesi: Rysgal gazeti



















