Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň bagtyýar geljegi
Tebigat adamzadyň umumy öýi bolup, onuň baýlyklary bolsa häzirki hem-de geljek nesilleriň deň derejede paýlaşmaly gymmatlygydyr. Şu hakykata düşünmek, daşky gurşawy goramak we tebigy deňagramlylygy saklamak häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Sebäbi howanyň üýtgemegi diňe bir tebigy hadysa bolman, eýsem, dünýä ykdysadyýetine, azyk we suw howpsuzlygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna hem-de onuň abadançylygyna täsir edýän çylşyrymly ählumumy mesele bolup durýar. Şonuň üçin hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, döwletleriň tagallalaryny bir maksada gönükdirmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatlary (COP) halkara jemgyýetçiliginiň hemişelik üns merkezinde durýar. Ol konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň kararlary kabul edýän meýdançasydyr. COP maslahatlarynyň döreýşi geçen asyryň ahyrynda dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen bagly ylmy maglumatlara has çynlakaý çemeleşip başlamagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatynda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa kabul edildi. 1994-nji ýylda güýje giren bu konwensiýa howanyň üýtgemegine garşy halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny döretdi.
Türkmenistan hem bu möhüm halkara işine işjeň gatnaşyp, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, howa boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli milli çäreleri durmuşa geçirýär. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine, suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, Aral deňziniň sebitindäki ýagdaýy gowulandyrmaga we howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy bilelikde hereket etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31-iň) çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde eden taryhy çykyşy ýurdumyzyň bu ugurdaky garaýyşlaryny we tekliplerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Çykyşda howanyň üýtgemegine garşy göreşde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ornunyň, Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ygrarlylygyň we döwletleriň bilelikdäki jogapkärçiliginiň ähmiýeti nygtaldy. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu merkez sebit ýurtlarynyň ylmy-tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, howanyň meseleleri boýunça tejribe alyşmaga we amaly çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklipleriniň ýene biri 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek meselesine garamak bilen baglydyr. Şeýle hem Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek we 2027-nji ýylda onuň çäklerinde ilkinji halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi. Bu başlangyçlar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy netijeli guramak üçin täze mümkinçilikleri açmaga gönükdirilendir.
Bu öňe sürlen teklipler Türkmenistanyň halkara ekologik hyzmatdaşlygyndaky işjeň ornunyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygynyň hem-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyz daşky gurşawy goramak meselelerini diňe bir häzirki günüň wezipesi hökmünde däl, eýsem, geljekki nesilleriň öňündäki jogapkärçilik hökmünde kabul edýär.
Rozygeldi HALLYÝEW,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.



















