“Şadyýan zehinliler” atly iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça geçirilýän bäsleşik
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Şadyýan zehinliler” atly iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça geçirilýän bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynda dil öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak we dil endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Şadyýan zehinliler” atly iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. UMUMY DÜZGÜNLER
Şu Düzgünnama Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Şadyýan zehinliler” atly iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşik “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda watansöýüji, ukyp-başarnykly, kämil we zehinli, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan eriş-argaç bolup geçýän paýhasly pikirlerini we Magtymguly atamyzyň çuňňur manyly goşgularyny daşary ýurt dillerinde beýan etmekde ökde ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berer. Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarynyň barha ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete geçilýän döwründe has hem aýdyň duýulýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller üçin okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli şertleri döredip berýändigini, türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň dürli künjeklerinde bilim almagy üçin hem zerur şertleriň döredilmegi bolsa mähriban halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini jümle-jahana ýaýmaklaryna giň ýol açýandygyny, ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge we mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşy goşalandyrýandygyny wagyz etmäge ýardam eder.
II. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI
III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI
- Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” kitabyna bagyşlanyp iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigine ýurdumyzyň 12-nji synp mekdep okuwçylary gatnaşyp biler.
- Bäsleşigiň resmi iş dilleri – türkmen we iňlis dilleri.
- Düzme ýazmak bäsleşige hödürlenilýän düzmeler aşakdaky şertler esasynda bahalandyrylýar:
- Bäsleşige gatnaşyljak düzmäniň temalary:
a) Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” kitabynda milli mirasyň we ata-babalarymyzyň ýörelgeleriniň şöhlelenşi;
b) Berkarar döwletiň beýik geljegi üçin ýaşlaryň watançylyk borjy we ylymda-bilimde gazanan üstünlikleri;
ç) Watana bolan söýgi, parahatçylyk we Bitaraplyk: Türkmenistanyň halkara abraýy hem-de milli ýörelgeleri
d) Watana wepalylyk we belent ahlaklylyk: “Watançylyk taglymaty” kitabynda milli gymmatlyklar
5. Bäsleşige ugradylan düzmeler 200-250 söz aralygynda bolmaly. Düzme göçürilen (plagiat) bolmaly däl.
6. Bäsleşige gatnaşýan okuwçy görkezilen maglumatnamany dolduryp, düzme bilen bilelikde bir word faýlynda (Times New Roman, 14-lik şriftde bolmaly) 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabryna çenli iuhd.languagesdepartment@gmail.com salgysyna ugratmaly.
Okuwçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady
Mekdep
Jogapkär mugallym
Ykjam telefony
Düzmäniň ady
- Eminler topary bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
- Bäsleşigiň netijesi boýunça gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bar. Arz-şikaýat bilen degişli okuwçynyň toparynyň ýolbaşçysy eminler toparyna ýüz tutup biler.
- Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan her meseläniň bahalandyrma tertibine laýyklykda seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.
IV. BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK
— Bäsleşige hödürlenen işler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan düzülen emin agzalary tarapyndan seljerilýär hem-de eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär;
— Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdiriler we eminler toparynyň netijenamasy esasynda bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar I , II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Guramaçylyk topary:
+99365818171
iuhd.languagesdepartment@gmail.com
“Şadyýan zehinliler” bäsleşiginiň guramaçylyk toparynyň agzalary:
1. Annamyradowa O.-Diller kafedrasynyň mugallymy;
2. Wekilowa Ç.-Dil öwreniş bölüminiň uly mugallymy;
3. Döwletowa N.- Diller kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi;
4. Gubataýewa A.- Diller kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi;
5. Allanurow D.- Diller kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.



















