Beýik ýeňişler
Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işler alnyp barylýar.
2025-nji ýylyň 03-12-nji iýunynda Şri-Lanka döwletiniň paýtagty Kolombo şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça Günbatar Aziýa döwletleriniň Ýaşlarynyň arasynda Halkara yaryş geçirildi. Bu ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň dil taýýarlaýyş bölüminiň talyby Şöhradowa Lala küştüň Klassik görnüşinden üstünlikli çykyş edip, baýrakly II orna mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýurdymyzda hem-de halkara arenasynda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















