ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hünärmenleriň täze neslini taýýarlap ýetişdirmekde giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýaşlar hakynda edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň geljekde hünär saýlap almagynda daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurdygy göz öňünde tutulyp, dil öwretmek bilen baglanyşykly işler bilim özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dünýäniň ýurtlary bilen diňe bir diplomatik däl, eýsem, söwda-ykdysady, ylym-bilim, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de alyp barmakda ýaşlaryň öz hünärlerini we daşary ýurt dillerini bilmekleri zerur şertleriň biri hökmünde orta çykýar.
Beýleki işler bilen bir hatarda bilim ulgamynda öwrenmek isleýän her bir adam üçin ygtybarly ýardam etjek okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler taýýarlanylyp, neşir edilip, yzygiderli köpçülige, ilkinji nobatda, bilime teşne talyplara ýetirilýär. Ýaňy-ýakynda hem şeýle işleriň biri – ýokary okuw mekdepleri üçin “Hytaý dili. I” okuw kitaby (awtory: M.Gelenowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi.
Okuw kitabynda hytaý dilinde dürs ýazuw, bu dilde medeniýetli sözleýşi bilmek bilen bagly dürli meseleler boýunça beýan edilýän sapaklaryň temalarynyň hersi arkaly degişli gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Her tema boýunça täze gurluşly sözlemler berlipdir. Bulary öwrenmegiň hasabyna talyplar olary gürrüň bermegi başararlar, dil serişdeleriniň hem-de sözleýiş başarnyklarynyň üstünde işlärler we kämilleşerler. Okuw kitabynda hödürlenýän amaly işlerde hytaý diliniň leksika, söz ýasalyş, grammatika aýratynlyklary hem göz öňünde tutulypdyr.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde okaýan ýaşlaryň hytaý dili boýunça dil baýlyklaryny artdyrmakda, hytaý diliniň grammatikasy babatda amaly başarnyklary hem-de endikleri ele almaklary üçin okuw kitaby has ähmiýetli we ygtybarly serişde bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi



















