Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “UI GreenMetric” sanawyndaky orny ýokarlandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim pudagyny ösdürmek, ýaşlara döwrebap bilim bermek, bilim ojaklarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini gazanmak ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň miwesini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesindäki gazanýan üstünliklerinde hem görmek bolýar.
Ýaňy ýakynda dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça işleri bahalandyrýan “UI GreenMetric Sustainable University Rankings” sanawy şu ýylyň netijeleri boýunça ýylyň jemini jemledi. Bu sanawda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň 2016 sanysy hasaba alyndy. Ýokary okuw mekdepleriň sanawy düzülende ýokary okuw mekdeplerinde esasy 7 sany ugur boýunça alnyp barylýan işlere baha berilýär. Olar:
- Ýokary okuw mekdebiniň ýerleşişi we infrastrukturasy;
- Energiýa we klimatyň üýtgemegi;
- Galyndylary dolandyrmak;
- Suwy tygşytly peýdalanmak;
- Ulag ulgamy;
- Ekologik bilim we ylmy barlaglar;
- Dolandyryş ulgamy we sanlylaşdyrmak.
Sanawda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri hem gatnaşyp, olardan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu sanawda 7875 ball bilen dünýä uniwersitetleriniň arasynda 273-nji orny eýelemegi başardy. Geçen ýyldaky görkezijiden 200 ball köp toplan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň yokary okuw mekdepleriniň arasynda 1-nji orny eýeledi.
Bu netije Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda alnyp barylýan işleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.



















