Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöjüjilik, ruhy-ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duygularyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasyndan ugur alyp, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar we döredilýän mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, türkmen bedewlerini wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty



















