Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX gurultaýyna gatnaşdylar
Älemiň ähli ýerinde sanly özgerişlikleriň we üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe bilim ulgamynyň esasy ugry — sazlaşykly ösen, ruhy taýdan baý we sosial taýdan jogapkärli şahsyýeti terbiýelemekdir. Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiçiň baştutanlygynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Berdimuhamedow Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň hemişelik ýolbaşçylygynda ýaş nesli terbiýelemek konsepsiýasy döwlet syýasatynyň iň ýokary derejesine göterildi. Biz hakyky watançylygyň we ýokary ahlaklylygyň berkarar binýatda kämilleşýändigine ynanýarys: ol ene diline, taryhy mirasa we maşgala däp-dessurlaryna hormat goýmakdan, şeýle hem umumyadamzat gymmatlyklaryna we beýleki halklaryň medeniýetine bolan hormatdan ybaratdyr.Watançylygy kämilleşdirmek –ynsanperwerligi we milletara baglanyşyk medeniýetini terbiýelemek bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy GDA giňişliginde parahatçylyk we özara hormat pikirlerini öňe sürmek üçin tebigy binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda GDA ýurtlarynyň milletara habarlaşyk dili bolan rus dili, şeýle hem Arkalaşygyň beýleki halklarynyň dilleri ýokary derejede okadylýar. Bu okuwçylarda medeniýetara başarnyklary we dialoga taýýarlygy ösdürýär. Türkmen talyplary we mekdep okuwçylary halkara olimpiadalara, sungat festiwallaryna, sport bäsleşiklerine we GDA ýurtlarynyň ýaşlar maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyp, milli medeniýetimizi mynasyp tanyşdyrýarlar hem-de Arkalaşygyň dostlukly halklarynyň däp-dessurlary bilen tanyşýarlar. Sanlylaşdyrmak döwründe ahlak terbiýesiniň wezipeleri ýaşlara ýetirilýän maglumat täsirlerinden we negatiw akymlardan goramaklygy talap edýär.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda bilim we ylym ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk birnäçe esasy ugurlary we halkara guramalary öz içine alýar. Bu hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasyndaky taryhy gatnaşyklara, umumy standartlara we ýaş nesle döwrebap bilim bermek maksadyna daýanýar. GDA-a agza döwletleriň arasynda bilim syýasatyny utgaşdyrmak, okuw meýilnamalaryny ýakynlaşdyrmak we ylmy-barlag işlerinde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin esasy utgaşdyryjy edara bolup durýar.
Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX gurulyaýy geçirildi. Bu halkara çäre GDA ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmek, tejribe alyşmak hem-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak babatynda möhüm meýdança öwrüldi. Minsk gurultaýynda biziň delegatymyz Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion we ylmy-tehniki taslamalara çekilişi, mekdeplerde we uniwersitetlerde IT hem-de STEM biliminiň ornaşdyrylyşy barada çykyşlar etdiler. Şeýle hem, GDA ýurtlarynyň arasynda sanly bilim portallaryny birleşdirmek, elektron kitaphana bazalaryny paýlaşmak we talyplaryň, mugallymlaryň akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek barada birnäçe möhüm teklipleri öňe sürüldi. Gurultaýda döwletlerden gelen wekiller, bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak barada möhüm meseleler öňe sürüldi:
Gurultaýyň jemleýji bölüminde GDA giňişliginde bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki innowasion bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Kararnamasy kabul edildi. Bu möhüm gurultaý diňe bir bilim işgärleriniň tejribe paýlaşmagyna däl, eýsem döwletleriň arasyndaky dostlukly we medeni-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkitmegine uly goşant goşdy. Bu halkara forum bilim ulgamyny täze basgançaga götermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we milli mekdep tejribelerini paýlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Gurultaýyň dowamynda geçirilen seksiýa maslahatlarynda we tegelek stollarda birnäçe esasy ugurlar öňe sürüldi.
Gurultaýda Türkmenistanyň mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň geriminiň giňeldilişi, interaktiw okuw esbaplarynyň ulanylyşy we okuwçylaryň ylym-bilim işjeňligi barada çykyş edildi. Mugallymlaryň pedagogik usulyýetini kämilleşdirmek, emeli aň we sanly gurallary sapaklary gurnamakda netijeli ulanmak barada halkara kärdeşlerimiz bilen giňişleýin pikir alşyldy.Mekdepler arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki halkara bäsleşikleri we okuwçylaryň bäsleşiklerini guramak barada teklipler goldanyldy.
Biziň öz ýyrdumyzda ylaýta-da öz ýolbaşçylyk edýän mekdeplerimizde geljekki ädimlarimiz:
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň düzüminde bu gutultaýa gatnaşmak we milli bilim özgerteşliklerimizi halkara bileleşigine tanyşdyrmak biziň üçin uly abraý we jogapkärçilik boldy, bilim ulgamlarynyň birleşmegine we nesillerimize döwrebap, ýokary hilli bilim bermek işine uly goşant goşdy.
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň müdiri Pygamowa Gülbahar,
Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň müdiri Mahtumow Mekan



















