Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly alymlaryň hem-de lukmanlaryň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary (master-klaslar) geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly alymlaryň hem-de lukmanlaryň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary (master-klaslar) geçirildi.
Ussatlyk sapaklarynyň dowamynda halkara derejeli hünärmenler uniwersitetiň professor-mugallymlary, ýaş alymlary, kliniki ordinatorlary hem-de talyplary bilen lukmançylygyň döwrebap ugurlary boýunça öz baý tejribelerini paýlaşdylar. Sapaktarda häzirki zaman keselleri anyklaýyş we bejeriş usullary, sanly lukmançylygyň täze gazananlary, tejribede ulanylýan innowasion tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berdiler.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti



















