“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýaşlara wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöýüjilik, ruhy-ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen, talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek boýunça çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Döwlet Migrasiýa gullugynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdylar. Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.



















