Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebitleýin dialog geçirildi
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň tegelek stoly geçirildi 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna gözegçilik edýän ministrleriniň sebitleýin hyzmatdaşlygy köp dilli bilim bermek ulgamynda ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stoly geçirildi.
Foruma sebitiň döwletleriniň degişli edaralarynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda halkara çemeleşmelerini nazara almak bilen, milli bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar dil başarnyklaryny ösdürmegiň, bilim maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmagyň we pedagogik işgärleriň hünär mümkinçiliklerini berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Birnäçe dilde okatmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, degişli okuw-usulyýet materiallaryny taýýarlamak we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmagyň mehanizmlerini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem mekdebe çenli we başlangyç bilim ulgamlarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen duşuşyk milli tejribeleri alyşmak we bilimiň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.



















