Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça okuw maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa saklaýyş ulgamlary” boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa” (RECA) taslamasynyň çäginde guraldy. Okuw maslahaty Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda energetika pudagynda özara tejribe alyşmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hünärmenleriň bilimlerini we hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Çäräniň dowamynda “Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa” (RECA) taslamasynyň esasy maksatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa saklaýyş ulgamlary boýunça mümkinçiliklerini ösdürmegiň ugurlary barada çykyşlar diňlenildi. Ýewropanyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri akademiýasynyň (RENAC) wekilleri hem-de GIZ guramasynyň hünärmenleri tarapyndan degişli ugurlar boýunça maglumatlar berildi. Okuw maslahatynyň dowamynda fotoelektrik gün stansiýalarynyň tehnologiýalary, energiýa saklaýyş ulgamlary, energetika ulgamynyň çeýeligi we durnuklylygy, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de institutyň professor-mugallymlarynyň we hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny taýýarlamak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça okuw kitabyny işläp düzmek meselelerine aýratyn üns berildi. Çäräniň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ)“Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa” (RECA) taslamasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň arasynda geljekde alnyp baryljak işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň ahyrnyda gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty



















