Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Türkmenistanda MAMA «Ene-tebigat» atly halkara sergisine gatnaşdylar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly PrezidentimizArkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boyunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznasyny bilelike gurnamagynda amala aşyrylýan ähmiyetli çäreleriniň çäklerinde 2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 19-njy oktýabry - 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Türkmenistanda MAMA «Ene-tebigat» atly halkara sergisine Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaslar guramasynyň Merkezi Geñeşi tarapyndan gurnalan Aşgabat şäheriniň ýokary okuw hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda gezelenç sapary gurnaldy we bu sergä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Serginiň mazmuny Adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşyk, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, yaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Talyp ýaşlar sergide ýerleşdirilen nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, installýasiya, fotosurat, dokma sungaty we garyşyk media ýaly dürli ugurlarda döredilen sungat eserleri, şol sanda türkmen-azerbaýjan medeni gymmatlyklary we tebigaty wasp edyän işler synladylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















