Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary göçme okuw sapagyny geçirdiler
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynyň mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyñ Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen kafedrasynda göçme okuw sapagyny geçirdiler.
Şeýle okuw sapaklar talyplaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmaga, elektrik üpjünçiligi ulgamlarynyň, awtomatlaşdyryş serişdeleriniň we häzirki zaman dolandyryş tehnologiýalarynyň iş ýörelgelerine has içgin düşünmäge giň mümkinçilik döredýär.
Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda döredilen mümkinçilikler talyplaryň ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, innowasion pikirlerini ösdürmäge hem-de geljekki hünärlerinde zerur boljak tejribeleri özleşdirmäge ýardam berýär. Geçirilen okuwlaryň dowamynda talyplar önümçilikde ulanylýan tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmak, öwrenen nazary bilimlerini amaly meseleleri çözmekde peýdalanmak boýunça tejribe topladylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















