UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XII SYNPY ÜÇIN «IŇLIS DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan möhüm işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin “Iňlis dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: R.Nazarow, G.Ataýewa, A.Gurbanowa, G.Baýjikowa, S.Çaryýarowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby döwrebaplygy bilen tapawutlanýar we ol okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, iňlis dilini öwrenmekde nobatdaky ädim bolup hyzmat eder.
Okuw kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, onda “Men we meniň maşgalam”, “Şahsyýet barha ösüşde”, “Men we jemgyýet”, “Meniň Watanym”, “Men we tebigat”, “Men we medeniýet”, “Men we syýahat”, “Men we gelejegim” atly bölümler ýerleşdirilipdir. Okuw kitabynda her bölümiň temasyna gabat gelýän tekstler, dialoglar, gönükmeler, grammatika boýunça maglumatlar berlipdir hem-de degişli suratlar arkaly bezelipdir.
Bu okuw kitaby okuwçylarda iňlis dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny çuňňur öwrenmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi



















