Ýurdumyzyň talyplary Bütindünýä ýaş fizikleriň olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Ýakynda Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Bütindünýä ýaş fizikleriň olimpiadasy (World Young Physicists Olympiad, WYPO-2026) geçirildi.
Bu halkara bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda Malaýziýa Federasiýasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Tailand Patyşalygynyň, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Gwatemala Respublikasynyň, Mýanma Bileleşiginiň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň we Filippin Respublikasynyň 41 sany ýokary okuw mekdebinden 200-e golaý talyp gatnaşdy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda 3 sany altyn, 5 sany kümüş we 5 sany bürünç medala mynasyp boldular.
Talyp ýaşlaryň bu abraýly halkara bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan nobataky aýdyň netijeleridir.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti



















