Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşiginiň ilkinji tapgyry geçirildi
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 13–14-nji noýabrynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça bäsleşikleriň birinji tapgyry geçirildi. Tapgyryň netijeleri bilen ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Bilim ulgamynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen guralan bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli orta hünär okuw mekdeplerinden degişli dersleriň her biri boýunça 4 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň welaýat tapgyry döwrebap sanly mümkinçiliklerden peýdalanylyp, onlaýn görnüşde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Gatnaşyjylar saýlanan ugurlar boýunça öz bilimlerini, logiki pikirleniş ukyplaryny we meseleleri çözmek başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň döwlet derejesindäki ikinji tapgyry 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçiriler. Tapgyrlaryň netijeleri boýunça ýeňiji bolan talyplara diplomlar gowşurylar.
Bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga hem-de dürli ugurlar boýunça bäsleşikleri yzygiderli geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle çäreler ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga we geljekki hünärmenleriň taýýarlygynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.



















