Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge we halkara bilim hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 10 — 17-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynda geçirilen «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdy.
Kabul ediji tarap hökmünde «Global Ties Detroit» guramasynyň çykyş etmeginde geçirilen halkara maksatnama dünýäniň on döwletinden bilim ulgamynyň dolandyryş edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny kämilleşdirmek, pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim maksatnamalarynyň hilini halkara ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Maksatnamanyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynyň uniwersitetine (Michigan State University) iş sapary amala aşyryldy. Uniwersitetiň professor-mugallymlary we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda iňlis dilini ikinji dil hökmünde okatmagyň öňdebaryjy tejribeleri, mugallymlary taýýarlamagyň döwrebap çemeleşmeleri, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we bilim bermegiň hiline baha bermegiň halkara usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem halkara akkreditasiýa ulgamynyň tejribesi, bilim edaralarynda hil üpjünçiliginiň netijeli guramaçylyk usullary hem-de pedagogik işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde Ueýn okrugynyň jemgyýetçilik kollejleriniň ulgamynda (Wayne County Community College District) daşary ýurt dillerini okatmagyň amaly tejribesi bilen tanyşyldy. Bu ýerde okuw işini guramagyň döwrebap usullary, bilim alýanlaryň dil başarnyklaryny ösdürmek, innowasion pedagogik çemeleşmeleri ulanmak we okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeler öwrenildi.
Halkara maksatnamanyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek baradaky Konsepsiýanyň esasy wezipeleri bilen sazlaşykly bolup, milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bu ugurda öwrenilen halkara tejribeler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek, pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki bilim başlangyçlaryny ilerletmek babatda täze mümkinçilikleri öwrenmäge ýardam berdi.
Türkmenistanyň wekiliniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany boldy.
Hususan-da, bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen sazlaşykly bolup, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen halkara maksatnama gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi



















