Aşgabat
Makalalar
130
Çagalaryň sözleýşini ösdürmek
Mekdebe çenli bilim umumy orta bilimiň ilkinji basgançagydyr. Bilimiň başlangyjynyň berk, kämil bolmagy her bir terbiýeçiniň yhlasyna, zähmetine hem-de başarnygyna bagly bolup durýar. Biziň çagalar bagymyzda-da çagalara berilýän bilim-terbiýäniň ýokary derejede bolmagy ugrunda uly alada edilýär.
Çagalaryň sapakda ünsli, ruhubelent bolmagy üçin terbiýeçilik ähmiýetli şahyrana setirleriň öwredilmegi oňat netije berýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ses ulgamyny kadalaşdyrmak, söz goruny baýlaşdyrmak, baglanyşykly sözleýşini ösdürmek, şeýle-de olaryň ýadyny ösdürmek maksady bilen, sapaklarda goşgulary ýat tutdurmak, öwrediljek maglumatlary goşgy setirleri arkaly sazlaşykly äheňde öwretmek çagalaryň gyzyklanmasyny ösdürýär. Meselem, çagalara «Sowat öwretmek sapagynda nämeleri öwrenýäris?» diýen soraga goşgy setirleri arkaly jogap bermegi öwredýäris.
Almagül HUDAÝKULYÝEWA,
Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
* * *
Terbiýeçilik sagatlarynyň ähmiýeti
Çaga mekdebe gatnap, ýaşy ulaldygyça özbaşdak hereket etmäge meýilli bolýar. Şunda mugallymyň dogry maslahatlary çagalar üçin iňňän zerurdyr. Mekdepde her bir geçilýän derslerde, aýratyn hem, başlangyç synplaryň terbiýeçilik sagatlarynda, çeperçilik zähmeti dersinde çaganyň zähmete bolan ukybyny ýüze çykarmaga we kämilleşdirmäge mümkinçilik döreýär. Oglanlaryň we gyzlaryň özlerine degişli hünärleri öwretmek, hünärlerden oňat baş çykarýan adamlar edip ýetişdirmek, şol hünäre söýgi döretmek, elbetde, mugallymyň ussatlygyna baglydyr. Mugallym şeýle işlerde görkezme esbaplaryndan, multimedia tagtasyndan we okuw esbaplaryndan ýerlikli peýdalanyp biler. Okuwçylara zähmet terbiýesini öwretmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan peýdalanýarys. Şeýle hem türkmen edebiýatyndaky gyzykly ertekileriň, basnýalaryň hem çagalaryň terbiýesi üçin uly ähmiýeti bardyr. Bular boýunça çagalar bilen sapakdan daşary kiçi göwrümli sahnalary hem goýýarys. Ertekilerdir basnýalardaky gahrymanlaryň sözlerini ýatdan öwredýäris. Eserlerdäki gahrymanlaryň häsiýetlerine çagalar bilen bilelikde seljerme berýäris. Gowy häsiýetli gahrymanlary tapawutlandyrýarys. Bu bolsa çagalar üçin gyzykly, täsirli hem-de ýatda galyjy bolýar.
Jennet AGAÝEWA,
Kaka etrabyndaky takyk ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti"
Çeşme: Türkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024