Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Ylym-bilimiň döwrebap mümkinçilikleri

12.05.2025

135

Ylym-bilimiň döwrebap mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny ösdürýäris, olaryň ylym-bilimli bolmagyny gazanýarys. Hormatly Prezidentimiz bu ugra aýratyn üns berip: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür» diýip parasatly belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bilimi mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmek, yzygiderli ösdürmek we ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Munuň üçin bilim ulgamynda uly işler alnyp barlyp, ýurdumyzyň bu ulgamynda örän uly özgertmeleriň amala aşyrylandygy bellärliklidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylyp, belent üstünlikler gazanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy ýurduň täze döwür üçin uzak möhletli ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrýar. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şeýle hem ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi, kämil hünärmenleriň taýýarlygy, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Ýurdumyzyň ösüşinde şeýle belent maksatlar, aýdyň wezipeler, röwşen ýollar bar. Şu aýdyň ýolda ýaş hünärmenleri ýetişdirmek we olaryň geljekki ösüşimize goşant goşmaklaryny üpjün etmek bilim işgärleriniň öňünde esasy ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris». Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň ylym-bilim bilen berk baglanyşdyrylýandygyny, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny üpjün edýär. Bilime, ylma bolan basgançaklar okamakdan, kitaba bolan söýgüden gözbaş alýar. Türkmen halky gadymdan hem örän medeniýetli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolupdyr. Esasan, pederlerimiziň döreden gymmatly eserleri, dessanlary, goşgy-gazallary aýratyn bellärliklidir. Bu günki günde şeýle asylly ýörelgeleri döwrebap ösdürip, iň kämil hünärmenleri, ylymly ýaşlary ýetişdirmek baş maksatdyr.

Pähimdar ata-babalarymyz ylym-bilimi ösdürmegiň, ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygy hakynda birnäçe parasatly sözleri, nakyllary döredipdirler: «Ylymly il ozar», «Bir okana bar, bir dokana» ýaly nakyllar, parasatly sözler pederlerimiziň ylym-bilime uly hormat bilen garandygyny aňladýar. Ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim bermek, aňly-düşünjeli terbiýeläp ýetişdirmek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Geljegimiz bolan ýaş nesillerde ylym-bilime höwes döretmek, Watana söýgi, il-güne hormat goýmak ýaly ajaýyp häsiýetleri kemala getirmek zerur işleriň biridir. Şeýle asylly terbiýäni durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary baş gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary ýaş nesilde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ylym-bilime bolan höwes ýaly ajaýyp häsiýetleri kemala getirýär. Bu eserlerdäki gahrymanlar geljek nesillere nusgalyk mekdebi döretdiler. Şundan görnüşi ýaly, ajaýyp kitaplar ýaş nesilleri terbiýelemekde, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde gymmatly gollanmadyr. Şeýle pähim-parasatly kitaplar bilen ýaşlarymyzy sagdyn, giň dünýägaraýyşly edip terbiýeläp ýetişdireris.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryny bilim işgärleri hem ýakyndan duýýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler ylym-bilimi ösdürmäge gönükdirilen oňaýly şertler biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu beýik işleriň ählisi geljegimiziň has-da eşretli, nesillerimiziň sagdyn, ylym-bilimli bolmagyny üpjün edýär.

Muhammet GURDOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.

"Mugallymlar gazeti"

Çeşme: Türkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024