Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Zähmet terbiýesi

12.05.2025

161

Zähmet terbiýesi

Ir döwürlerde bir söwdagär ogluna günde bir teňňe bererdi. Ol ogluna ýüzlenip:

— Oglum, şu teňňäni al, aýawly sakla hem-de pul toplamagy öwren! – diýipdir.

Ogly bolsa hiç zadyň gamyny iýmeýärdi, öz ugruna ýaşap, iýip-içip ýörerdi. Şonuň üçin ol bu teňňäni akar suwa zyňyp goýberdi. Muny aňan atasy ogluna sapak bermek isledi. Ol dogan-garyndaşlarynyň ýanyna baryp, şeýle diýdi:

— Eger-de oglum sizden karz pul sorasa, bir teňňe hem beräýmäň.

Soňra öýüne gelip:

— Oglum, bar indi özüň gazan, eklenç et – diýdi.

Ogly hiç zada pitiwa etmän, öýden çykyp gitdi. Gelip garyndaşlaryndan karz pul sorady, emma olar pul bermediler. Paltasy daşa degen ýigit gazanç etmegiň ugruna çykdy. Ýük daşady, odun çapdy, uzakly gün bir teňňe gazandy. Ol bir teňňäni alyp, atasyna berdi. Atasy:

— Bar, oglum, muny akar suwa oklaý – diýip, göwünli-göwünsiz jogap berdi.

Ogul:

— O nähili akar suwa oklamaly – diýip, ör-gökden geldi. — Bir teňňäni gazanmak üçin meň gören günümi görsediň. Asyl ony suwa oklamaga elim barmaz.

Atasy ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:

— Ine, oglum, men hem saňa berýän her teňňämi şeýdip gazanýaryn.

Nurjemal TÖRÄÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti"

Çeşme: Türkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly