Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Edep — al­tyn, ter­bi­ýe — ha­zy­na

28.05.2025

617

Edep — al­tyn, ter­bi­ýe — ha­zy­na

Pe­der­le­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, iň gym­mat­ly mi­ras ter­bi­ýe­dir, ter­bi­ýä­niň öze­ni bol­sa, ylym-bi­lim­dir, se­bä­bi hal­ky­my­zyň gel­je­gi ter­bi­ýe­li ýaş­la­ra bag­ly­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da döw­rüň çalt öz­ger­me­gi ýaş nes­liň ter­bi­ýe­si­ne, has hem onuň özü­ni alyp bar­şy­na gös-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Her bir maş­ga­la­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, me­de­ni­ýet, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň bor­jy ede­bi mi­ra­sy­myz­dan, şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­dan, mil­li däp-des­sur­la­ry­myz­dan ugur alyp, ýaş nes­li döw­re­bap ter­bi­ýe­le­mek­den yba­rat­dyr.

Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de ru­hy-ah­lak hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gi mö­hüm­dir. Bu hä­si­ýet­le­riň bin­ýa­dy, esa­san hem, maş­ga­la­da we mek­dep­de tu­tul­ýar. Mek­dep döw­rün­de özü­ni we daş-tö­we­re­gin­dä­ki­le­ri hor­mat­la­mak, dur­muş gym­mat­lyk­la­ry­na göz ýe­tir­mek, jem­gy­ýe­tiň öňün­dä­ki jo­gap­kär­çi­li­gi­ni duý­mak, dost­luk ýa­ly hä­si­ýet­ler ça­ga­la­ra öw­re­dil­me­li­dir. Diý­mek, mek­dep­de ça­ga­la­ra be­ril­ýän ru­hy-ah­lak ter­bi­ýe aý­ra­tyn mö­hüm or­na eýe bol­ýar. Bu bol­sa her bir pe­da­gog­dan hü­när-şah­sy­ýet zäh­me­ti­ni ta­lap ed­ýär.

Ata-ba­ba­la­ry­myz ne­sil­le­ri­ne asyl­ly däp­le­ri, ha­lal­lyk ýo­lu­ny hem-de edep-ter­bi­ýä­ni mi­ras go­ýup­dyr­lar. Edep­li­lik, ha­lal­lyk, Wa­ta­na we­pa­ly­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik ýa­ly ýö­rel­ge­le­ri ýaş­la­ryň aňy­na guý­mak, bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir.

«Wa­ta­na bo­lan söý­gi ni­re­den baş­lan­ýar?» di­ýen so­ra­ga bi­ra­gyz­dan: «Maş­ga­la­dan, ata-ene­den» di­ýip jo­gap be­rip bo­lar, se­bä­bi ata-ba­ba­la­ry­myz maş­ga­la, ata-ene mu­kad­des­li­gi­ni has be­lent­de go­ýup­dyr­lar. «Ata ra­zy — Hu­daý ra­zy. Ene ra­zy — py­gam­ber ra­zy», «Maş­ga­la­da ag­zy­bir­lik bol­sa, ha­zy­na ge­rek däl» di­ýen pä­him­le­ri mi­ras go­ýup­dyr­lar. Aza­dy ata­myz hem «Wag­zy-Azat» ese­rin­de:

Gel, ata bir­le ene­ňi kyl ry­za,

Ra­zy bol­gaý, şüb­he­siz, sen­den Hu­da

ýa-da

Ata bi­len ene­dir göz röw­şe­niň,

Olaň ha­ky bar­dyr boý­nuň­da se­niň —

di­ýip nyg­tap­dyr.

Ter­bi­ýe­çi­lik işi şah­sy gö­rel­de, söh­bet­deş­lik, ara alyp mas­la­hat­laş­mak, edi­len he­re­ket­le­ri sel­jer­mek, daş-tö­we­re­giň ba­ra­da ala­da et­mek we ola­ra ýar­dam ber­mek ýa­ly çä­re­le­riň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr. Bu iş­ler­de maş­ga­la bi­len mek­de­biň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti ze­rur şert­le­riň bi­ri­dir. Maş­ga­la­da­ky ýag­daý bi­len mek­dep­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy hök­man­dyr. Ça­ga­la­ryň maş­ga­la­nyň we Wa­ta­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­le­ri, maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň we wa­tan­daş­la­ry­my­zyň şah­sy­ýe­ti­niň oňat ta­rap­la­ry­ny açyp gör­kez­ýän, gö­rel­de alar­lyk be­ýik iş­le­ri­ni öw­ren­mek ter­bi­ýä­niň iň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly ki­ta­byn­da: «Yn­sa­ny bag­ty­ýar­ly­ga ýe­tir­ýän esa­sy se­bäp­le­riň bi­ri mil­li buý­sanç ar­ka­ly ke­ma­la gel­ýär. Mil­li buý­san­jyň göz­ba­şyn­da bol­sa hal­kyň müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan şöh­rat­ly ta­ry­hy bar­dyr» di­ýil­ýär.

Şah­sy­ýe­tiň eme­le gel­me­gin­de zäh­met ter­bi­ýe­si­niň or­ny has ulu­dyr. Hä­zir­ki wagt­da mek­dep­de zäh­met ter­bi­ýe­si­ni ber­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Baş­lan­gyç synp­lar­da dö­re­di­ji­lik zäh­me­ti ça­ga ter­bi­ýe ber­mek­de gi­ňiş­le­ýin peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr. Bel­li yl­my tag­ly­mat­da ada­myň kä­mil­leş­me­gin­de zäh­me­tiň or­nu­nyň wa­jypdy­gy nyg­tal­ýar. Zäh­met ter­bi­ýe­si nä­çe ir baş­lan­sa, onuň ne­ti­je­si hem şon­ça ýo­ka­ry bo­lar. Ça­ga güýç­ýe­ter ýu­muş­la­ry bu­ýur­mak eý­ýäm maş­ga­la­dan baş­lan­ma­ly­dyr. Ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­ry­nyň, aý­ra­tyn hem, her bir uçu­ry­myň öňün­de gel­jek­ki hü­nä­ri­ni saý­lap al­mak me­se­le­si ör­bo­ýu­na gal­ýar. Şol se­bäp­li, her bir okuw­çy­nyň şah­sy gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny we jem­gy­ýet­çi­lik ze­rur­lyk­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, ola­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak­da mek­dep­ler­de yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­le­riň esa­sy mak­sa­dy ýaş­la­ra hü­när­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­je ber­mek­den, ola­ryň gel­jek­ki hü­nä­ri­ni aň­ly-dü­şün­je­li saý­lap al­mak­la­ry­na ýar­dam et­mek­den we zäh­met ba­za­ry­nyň ze­rur­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Nus­ga­wy eserleri, aý­ra­tyn hem, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň eser­le­ri­ni oka­mak ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne, ola­ryň dil baý­ly­gy­nyň, me­de­ni­ýe­ti­niň art­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär. Diý­mek, oka­ma­ga hö­wes dö­ret­mek üçin mek­dep­de mak­sat­la­ýyn çä­re­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi ze­rur­dyr. Şol bir wag­tyň özün­de, ça­ga­la­ry sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne çek­mek has ze­rur­dyr. Bu iş­le­ri di­ňe bir be­den­ter­bi­ýe ýa-da ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry ders­le­ri oka­dy­lan­da däl-de, eý­sem, hem­me ders­ler­de, şeý­le hem, sa­pak­dan soň­ky çä­re­le­riň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li we ut­ga­şyk­ly alyp bar­mak ze­rur­dyr.

Ça­ga­la­ry öz­baş­dak dur­mu­şa taý­ýar­la­mak­da çy­dam­ly­lyk, ge­çi­rim­li­lik, gat­na­şyk­da­ky şah­sy­ýet­le­riň nuk­daý­na­zar­la­ry­na dü­şün­mek ýa­ly dü­şün­je­le­ri aňy­na guý­mak has ze­rur­dyr. Mu­nuň üçin şah­sy­ýe­ta­ra dia­log­la­ryň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Diý­mek, beý­le­ki­le­ri ola­ryň özü­ne mah­sus bo­lan aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bi­le ka­bul et­mek ba­şar­ny­gy­ny eme­le ge­tir­me­li. Yn­san­per­wer ugur­ly ders­ler­de okat­ma­gyň esa­sy usul­la­ry­nyň bi­ri mu­gal­lym bi­len okuw­çy­nyň ara­syn­da­ky dia­log bo­lup dur­ýar. Bu sa­pak­lar­da ça­ga­lar öz pi­kir­le­ri­ni be­ýan et­me­gi we beý­le­ki­le­ri diň­le­me­gi öw­ren­ýär­ler. Dü­zü­mi dür­li hä­si­ýet­li şah­sy­ýet­ler­den yba­rat bo­lan to­par­lar­da iş­le­mek, olar bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­mak, daş­ky tä­sir­le­re dur­nuk­ly bol­mak en­dik­le­ri­ne eýe bol­ýar­lar.

Dö­wür ada­myň öňün­de bir­nä­çe top­lum­la­ýyn me­se­le­le­ri goý­dy. Bi­rin­ji­den, aň taý­dan ös­mek. Ça­ga jem­gy­ýet­çi­lik we önüm­çi­lik dur­mu­şyn­da ze­rur bo­lan öz­baş­dak we dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­me­gi üp­jün et­jek umu­my bi­lim­le­ri, ba­şar­nyk­la­ry we en­dik­le­ri ele al­ma­ly.

Ikin­ji­den, duý­gy taý­dan ös­mek. Döw­rüň tag­ly­mat­la­ry­na, me­de­ni­ýe­te we şu gün­ki dur­mu­şa bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry eme­le ge­tir­mek.

Üçün­ji­den, ru­hy-ah­lak taý­dan ös­mek. Ter­bi­ýe­len­ýän­ler­de umu­ma­dam­zat ah­la­gy­nyň esas­la­ry­ny, özü­ňi alyp bar­ma­gyň en­dik­le­ri­ni, ah­lak er­ki­ni, dur­muş gat­na­şyk­la­ryn­da özü­ni jo­gap­kär­li alyp bar­ma­gy ter­bi­ýe­le­me­li.

Dör­dün­ji­den, be­den taý­dan ös­mek. Ada­myň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýän, onuň dur­muş­da ga­bat ge­lip bi­läý­jek kyn­çy­lyk­la­ra taý­ýar­ly­gy­ny we ru­hu­be­lent­li­gi­ni eme­le ge­tir­ýän sag­dyn­ly­gy­ny we fi­zi­ki güý­jü­ni ber­kit­mek we ös­dür­mek.

Bä­şin­ji­den, her bir şah­sy­ýe­tiň aý­ra­tyn­ly­gy­ny na­zar­da tu­tup ös­dür­mek. Her bir ça­ga­nyň te­bi­gy ze­hin­le­ri­ni aç­mak we ony ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, bi­lim we ter­bi­ýe ber­mä­ge in­di­wi­dual çe­me­leş­mek. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Älem iç­re at ge­zer» at­ly ro­ma­nyn­da şeý­le se­tir­ler bar: «Ber­di­mu­ha­met mu­gal­lym ýaş kär­deş­le­ri üçin açyk sa­pak­la­ryň bir­nä­çe­si­ni ge­çir­di. Sa­pak­dan soň­ra mu­gal­lym­lar ota­gyn­da sa­pa­gyň ge­çi­şi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şun­da ol okuw işi gu­ra­lan­da ça­ga­la­ryň hä­si­ýet­le­ri­ni hök­ma­ny su­rat­da göz öňün­de tut­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny te­lim ýo­la nyg­ta­dy. Se­bä­bi ça­ga­la­ryň her bi­ri­niň hä­si­ýe­ti aý­ry bol­ýar. Şo­nuň üçin ola­ryň he­re­ket­le­rem bi­ri-bi­ri­niň­ki­den ta­pa­wut­ly­dyr».

Al­tyn­jy­dan, me­de­ni taý­dan ös­dür­mek. Dur­mu­şyň ýo­ka­ry gym­mat­lyk­la­ry­nyň, ata-ba­ba­la­ryň top­lan pä­him-paý­has­la­ry­nyň esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek.

Bu iş­ler bi­li­miň maz­mu­ny, okat­ma­gyň gör­nüş­le­ri we usul­la­ry, iş döw­rün­de eme­le ge­len ter­bi­ýe­çi­lik ze­rur­lyk­la­ry we mu­gal­ly­myň özü­niň şah­sy gö­rel­de­si esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr. Bu­la­ryň için­de şah­sy gö­rel­de iň wa­jyp or­na eýe­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz: «Og­lan ata­dan öw­re­ner sa­çak aç­ma­gy, Gyz ene­den öw­re­ner ge­ýim biç­me­gi» di­ýip wes­ýet edip­dir­ler.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz hal­kyň di­ňe şu gü­nü­niň däl, eý­sem, gel­je­gi­niň hem ýag­ty, röw­şen bol­ma­gy üçin ala­da ed­ýär­ler. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş­la­ryň tut­ýan or­ny, ola­ryň iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ýaş­lar ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­dir we er­ti­ri­dir. Ýaş nes­liň wa­tan­çy­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik, ah­lak­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Wa­ta­ny söý­mek, il-gü­ne hyz­mat et­mek hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­si­dir.

Hem­ra ARA­ME­DOW,

Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 28-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri, teh­ni­ki ylym­la­ryň kan­di­da­ty, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan bi­lim iş­gä­ri.

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly