Makalalar
108
Öňňin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Annagylyç Mätäjiniň edebi döredijiliginiň ähmiýeti» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu çäre türkmeniň nusgawy şahyry Annagylyç Mätäjiniň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlandy.
Ylmy-döredijilik maslahatyna uniwersitetiň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda Annagylyç Mätäjiniň edebi mirasynyň öwrenilişi, ýaş nesil üçin edep-terbiýe mekdebi bolup durýan eserleriniň ähmiýeti, olarda ahlak we watançylyk temalarynyň şöhlelendirilişi barada giňişleýin durlup geçildi. Şahyryň halkyň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren söz ussadydygy, şoňa görä-de, onuň şygyrlarynyň Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyrýandygy bellenildi. Halk içinde giňden meşhur bolan döredijiligi bilen türkmen nusgawy edebiýatyny ganatlandyran Mätäjiniň şygyrlary şahyryň dury çeşme ýaly çasly, akgynly, tämiz zehininden habar berýär. Onuň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem bagtyýar zamanamyzda şahyryň goşgulary aýratyn many-mazmuna eýe bolup, nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň kalba ýakyn, halkyň ýüreginde ebedilik orun alan şygyrlary nesilden-nesle geçip, hakydalarda ýaşap ýör. Onuň baý mazmunly döredijilik mirasy söze sarpa goýýan adamlar üçin has gymmatlydyr. Şol şygyrlar aýdyma öwrülip, halkyň hakydasynda baky orun eýeledi.
Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň hem-de «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary şahyryň gyzykly durmuşyna we baý döredijiligine bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylar şöhratly taryhymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi hem-de milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahat bilen ugurdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, nusgawy edebiýatymyzdan dürli ýyllarda neşir edilen ýygyndylaryň, monografiýalaryň, kitaplaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalardyr amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň sergisi-de guraldy.
Allanur ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby
"Türkmenistan"
21.10.2024ý. №271
Çeşmesi: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.