Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

03.06.2025

369

Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

Çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmegi daşky gurşawyndan öwrenen zatlaryna baglydyr. Şu jähetden, ýurdumyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji iýunda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasynyň bolmagy, bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň güwäsi boldy. Çünki döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr».

 Ýurdumyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Boş wagtlarynda sport ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň ruhy kämillige ýetmäge mümkinçiligi artýar. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy bolsa Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyza amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň bu merkeziň çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şoňa görä-de, täze merkeziň düýbüni tutmak dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýakynda «Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Abraýly halkara ýaryşda gazanylan pul baýragy toparyň agzalarynyň haýyş etmegi bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirildi. Hormatly Arkadagymyzyň haýyr-sahawat gaznasyna geçirilen bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelmegi, şeýle hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy we kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün ediljekdigi ýaş nesillerimiz barada edilýän atalyk aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Täze obserwatoriýa çagalar üçin astronomiýanyň we älem giňişliginiň gyzykly hem-de syrly dünýäsine ýol açar. Bu ýerde iň döwrebap enjamlar arkaly okuw sapaklary geçiriler, çagalar asmandaky ýyldyzlary synlarlar. Munuň özi olara öz bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, ylmy açyşlaryň möhüm ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berer.

Bir söz bilen aýdanyňda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.

Çeşme: «Nesil» gazeti

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly