
Makalalar
543

Şadyýan tomsuň ilkinji gününde — 1-nji iýunda ýurdumyzyň seýilgähleridir medeni-dynç alyş merkezleri köp adamly boldy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreler, bäsleşikler guralyp, olara ýokary guramaçylyk hem-de işjeňlik mahsus boldy. Şeýle dabaralaryň biri paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş merkezi seýilgähinde hem geçirildi.




Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary öz çagalarydyr agtyklary bilen gatnaşdylar. Seýilgähde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, dürli tanslara uly orun berildi, çagalaryň bagtyýar durmuşyny wasp edýän suratlar çekildi, sirk oýunlary, ertekileriň gahrymanlarynyň çykyşlary görkezildi. Umuman, guralan dabaraly çäre many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanyp, ata-eneleri, dostlary bilen gezelenje çykan çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.
Aşyrmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň halk artisti:
— «Bal süýji, baldan-da bala» diýlişi ýaly, çagalar — biziň geljegimiz. Çaga bar ýerinde şatlyk-şowhun, oýun-gülki bar. Bagtyýar döwrümiziň körpejeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen abadan durmuşda, bagtyň gujagynda erkana ýaşaýarlar. Körpe nesillere ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, bagtyýar çagalaryň gülki sesleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!
Leýli AMANMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 117-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi:
— Bu gün terbiýeçimiz hem-de deň-duşlarymyz bilen «Aşgabat» seýilgähine geldik. Bu ýerde biz deň-duşlarymyzyň çeken suratlaryny höwes bilen synladyk, erteki gahrymanlaryny gördük. Joralarymyz bilen seýilgähiň meýdançalarynda aýlanyp, heziller etdik. Bu pursatlar kalbymyza uly şatlyk paýlady. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Omar JORAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 82-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi:
— Çagalaryň dosty Aşyr dädäniň gürrüňlerini diňlemek aýratyn täsirli boldy. Men bu barada dostlaryma hem aýdyp berjek. Biz Aşyr däde bilen surata hem düşdük. Bagtyýar nesilleriň sowatly, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Emine HUDAÝBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi:
— Bu ýerde joralarymyz bolup, üýşüp buzgaýmak iýdik. Buzgaýmagy şunuň ýaly ýerlerde iýseň, hasam süýji bolýar. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamagymyz, bilim almagymyz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!