Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Bagban mugallymyň yhlasly zähmeti

09.06.2025

298

Bagban mugallymyň yhlasly zähmeti

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­ra­by­na bo­lan dö­re­di­ji­lik sa­pa­ryn­da et­rap mer­ke­zin­den «Gök­de­pe» ge­ňeş­li­gi­ne bar­ýan ýo­luň iki gy­ra­syn­da­ky mi­we­li bag­la­ryň ha­ta­ry­ny gö­re­ni­miz­de bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­dik. Bag­ba­ny­na du­şan bag­la­ryň mi­we­le­ri­niň çe­ni-ça­ky bol­maz eken. Al­ma, erik, şet­da­ly, ga­ra­ly, sa­ra­ly... Gü­nüň nur­ly ço­gu­na bir­kem­siz bi­şen mi­we­ler dü­züm-dü­züm bo­lup, şa­ha­la­ry­na ag­ram be­rip dur. Ola­ry şa­ha­syn­dan ýo­lup, ter­li­gi­ne iý­me­giň lez­ze­ti­ni diý­se­ne! Ba­gyň he­zil­li­gem şon­da-da. Se­tan­da-seý­ran­da dö­re­ýän bu müm­kin­çi­li­gi el­den ber­mez­lik üçin ýol­be­le­di­miz, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Baý­ra­ma­ly şä­her ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Sel­bi Kom­ma­no­wa kö­ňül küý­se­gi­mi­zi be­ýan et­dik:

— Bu bag­la­ryň mi­we ge­ti­rä­ýe­ni­ni diý­se­ne, sow­lup ge­çä­ýe­li. Ba­gy ýe­tiş­di­re­nem il-gün iý­sin di­ýen­dir. Ýog­sam, uly kö­çä­niň ug­run­da gö­zü­ňi do­kun­dy­ryp goý­maz­dy...

Tek­li­bi­mi­ze döw­ta­lap bo­lan Sel­bi:

— Bag­ban gaý­tam: «Bol-be­re­ke­di­ni gü­jeň­läp otu­ran bag­la­ryň mi­we­sin­den dat­man, ne­neň ge­çip bil­di­ňiz?» di­ýer. Bu bag­la­ry et­rap­da ök­de bag­ban hök­mün­de ta­nal­ýan Döw­let­jan mu­gal­lym ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di. Bag­ban­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan daý­han­la­ry­my­zyň hem Döw­let­jan mu­gal­lym­dan mas­la­hat so­ra­ýan wagt­la­ry bol­ýar. Çün­ki onuň bag­ban­çy­lyk­dan baý tej­ri­be­si bar, mi­we­li agaç­la­ry bi­ri-bi­ri­ne sap­mak bi­len, ola­ryň saý­la­ma gör­nüş­le­ri­ni hem dö­red­ýär — di­ýip, bag­ban mu­gal­ly­myň öw­gü­si­ni ýe­tir­di. Soň­ra ol iş­jan­ly mu­gal­ly­myň eken bag­la­ry­nyň et­ra­byň çä­gi­ne ýaý­ran­dy­gy­ny, ola­ryň Kö­pet­da­gyň goý­nun­da­ky Ba­ga­bat şy­pa­ha­na­syn­da-da bar­dy­gy­ny aý­dyp, şeý­le gür­rüň ber­di:

— Bir ýyl to­mus­ky zäh­met rug­sa­dyn­da Döw­let­jan mu­gal­lym Ba­ga­bat şy­pa­ha­na­sy­na dynç al­ma­ga hem-de sag­ly­gy­na se­ret­dir­mä­ge gid­ýär. Daý­han adam bir ýer­de otu­ryp bil­ýär­mi nä­me?! Ir sä­her­de şy­pa­ha­na­nyň daş-tö­we­re­gi­ne aý­la­nyp, ol ýer­dä­ki sa­ýa­ly we pür­li bag­la­ra syn ed­ýär. Bag­la­ra suw tu­tup ýö­ren bag­ban bi­len tan­şyp, gurply top­rak­ly ýer­le­re mi­we­li bag­la­ry oturt­mak ba­ra­da pi­kir alyş­ýar. Soň­ra öý­le­ri­ne ge­lip, üç ýüz düýp­den gow­rak mi­we­li bag­la­ryň na­hal­la­ry­ny şy­pa­ha­na ug­rad­ýar. Döw­let­jan mu­gal­ly­myň oba­da tä­ze gur­lan met­ji­diň, et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň daş-tö­we­rek­le­ri­ne eken mi­we­li bag­la­ry­ny, al-el­wan gül­le­ri­ni gör­seň göw­nüň gal­kyn­ýar...

Sel­bi mam­la. Mi­we­li bag­la­ryň bir çe­tin­den gi­re­ni­miz­de, şa­ha­la­ra be­zeg ber­ýän tyl­la­ýy öwüş­gin­li erik­le­ri, al-gy­zyl reňk­li al­ma­la­ry, şet­da­ly­dyr ga­ra­ly­la­ry gö­rüp, bi­zi­ňem göw­nü­miz galk­dy. Daý­han­lar bi­len iş­le­şen­soň, Sel­bi Kom­ma­no­wada ekin-di­kin­den go­wy baş çy­kar­ýan eke­ni. Ol erik­le­riň bi­ri­niň de­pe­sin­de kak bol­ýan gör­nüş­den­di­gi­ni aý­dyp dur­ka bag­ban mu­gal­ly­mam ýe­tip gel­di. Sel­bi:

— Mu­gal­lym, biz-ä aýt­man-diý­män ba­gy­ňy­za gi­rä­ýen­di­ris. Bu be­hiş­di erem ba­gy­nyň de­ňin­den sä­gin­män geç­mek müm­kin däl-ä — di­ýen­de Döw­let­jan:

— Oňa­ryp­sy­ňyz. O ýan-bu ýan ge­çen­ler bu mi­we­ler­den ýo­lup iý­se­ler, bi­ze-de so­ga­by bar­dyr — di­ýip, ar­ka­ýyn­lyk bi­len jo­gap ber­di.

Döw­let­jan Öwez­my­ra­dow or­ta mek­dep­den soň Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nda okady. Okuwyny tamamlap, baý­ra­ma­ly et­ra­byn­da­ky 28-nji or­ta mek­dep­de ýaş nes­le bi­lim we ter­bi­ýe ber­ýär. Oba­da dog­lup, gö­zü­ni açyp gö­re­ni ekin meý­dan­la­ry bo­lan­soň, ol ene ýer­den ör­kü­ni üz­me­ýär. Esa­sy işi­niň da­şyn­dan mi­we­li bag­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Il­ki mel­lek ýe­rin­de mi­we­li bag­la­ryň ýüz­ler­çe düý­bü­ni ýe­tiş­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da mu­gal­ly­myň mel­lek ýe­rin­de üzüm­dir mi­we­li bag­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len bir­lik­de 125 düý­be go­laý hur­ma aga­jy bar. Daý­han mu­gal­lym onuň bi­len hem oň­ňut et­me­ýär. Daý­han bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan uzak möh­le­te ulan­mak üçin bö­lü­nip ber­len ýer bö­le­gin­de mi­we­li bag­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ekip, ola­ra ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg edip baş­la­ýar.

— Her ge­zek bu ýol­dan ge­çe­nim­de, ha­şal ot­dur ýyl­gyn, hy­şa ba­syp ýa­tan ýer­le­ri gö­rüp ýü­re­gim gyý­lyp gi­der­di. Zäh­met çek­seň, is­len­dik ýe­ri-de öz­ger­dip bol­ýan­dy­gy­ny öm­rü­ni daý­han­çy­lyk bi­len ge­çi­ren ka­ka­myň iş tej­ri­be­sin­den hem gür­rüň­le­rin­den bil­ýär­dim. Ka­kam pa­hyr 95 ýa­şady, ýö­ne öm­rü­niň soň­ky gü­nü­ne çen­li elin­den pil­dir orak düş­me­di. «Biz kyn dö­wür­de iş­le­dik, bu wagt da­gy hem­me zat teh­ni­ka bi­len. Dö­kün, suw bol, ýe­ňil­lik­li şert­ler dö­re­dil­ýär» di­ýer­di. Özü­mem ka­ka­myň ýa­nyn­da bo­lup, kän iş­le­dim. Oba ara­syn­da esa­sy ulag ýo­ly bo­lan­soň, öte­niň-ge­çe­niň öňün­de göz­gy­ny bo­lup ýa­tan bu ýer­le­ri gül­zar­ly­ga öwür­me­gi ýü­re­gi­me berk dü­wüp, daý­han bir­le­şi­giň baş­ly­gy­nyň ýa­ny­na bar­dym. Şol ýe­ri bag ek­mek üçin so­ra­nym­da, baş­lyk ge­ňir­ge­nip ýü­zü­me se­re­dip dur­dy. Mak­sa­dy­my aý­da­nym­da bol­sa, be­gen­di.

Ini­le­rim, ogul­la­rym bi­len ýer­li-ýer­den işe gi­riş­dik, 6 gek­tar ýe­riň ha­pa-ha­şal ot­la­ry­ny aý­ryp, sü­rüp, te­kiz­läp, bi­rin­ji ýyl bug­daý ek­dik we­lin, ha­sy­ly «Tü­we­le­me!» diý­dir­di. Gy­ra­sy­na sal­ma, ýap çe­kip, tut­dur sö­wüt na­hal­la­ry­ny hem oturt­dyk. Bug­da­ýy orup, onuň yzy­na mi­we­li bag­la­ryň saý­la­ma gör­nüş­le­ri­ni ekip çyk­dyk. Bir­kem­siz ideg edi­len­soň, yn­ha, şu gör­ýän bag­la­ry­ňyz ke­ma­la gel­di. In­di se­ki­zin­ji ýyl ha­syl al­ýa­rys — di­ýip, Döw­let­jan mu­gal­lym gür­rüň ber­di.

— Mu­gal­lym­çy­lyk kes­bi-kä­ri­ňi­ziň da­şyn­dan bu iş­le­re nä­hi­li ýe­tiş­ýär­si­ňiz? — di­ýen so­wa­ly­my­za bag­ban mu­gal­lym bir­ba­da ýyl­gyr­jak ýa­ly et­di-de, ýe­ne-de ag­ras keş­be gi­rip:

— «Iş­le­jek usul göz­lär, iş­le­me­jek ba­ha­na» di­ýil­ýär. Iş­le­mä­ge hö­we­siň bol­sa, wagtam ta­pyl­ýar, usu­lam. Okuw döw­ri bol­sun, dynç alyş möw­sü­mi bol­sun, ta­pa­wu­dy ýok, ir sä­her­de oýa­nyp, il­ki bag­lar­dan ha­bar al­ýa­ryn. Yz ýa­nym­dan ogul­la­rym Be­genç­dir Yb­ra­ýym gel­ýär. Olar ge­len­soň, öýe ba­ryp, çaý-çö­re­gi­mi iýip, mek­de­be gid­ýä­rin. Dog­ru­sy, bag­la­ryň ara­sy­na ge­le­nim­de dynç al­ýa­ryn. Ba­har pas­lyn­da, ýag­ny bag­lar gül­län­de bu ýer­ler has-da owa­dan gör­nü­şe gir­ýär. Aras­sa ho­wa, gül­le­riň, ot­la­ryň bi­re­na­ýy ysy göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Her ýer­den ak­ja kö­me­lek­le­rem jyk­lap gö­rün­ýär we­lin, ag­tyk­la­rym he­zil ed­ýär­ler. Bag di­ýe­niň ide­gi köp ta­lap et­me­ýär. Ka­da­ly boý alan­soň, ta­la­ba la­ýyk­lyk­da su­wu­ny, dö­kü­ni­ni be­rip, ha­şal ot­la­ra bas­dyr­ma­saň bo­la­ny. Ha­syl ýy­gy­myn­da bol­sa, goň­şy-go­lam­dyr il-gü­nem kö­mek ed­ýär. Bag­lar ýy­lyň-ýy­ly­na kän ha­syl ge­tir­ýär — diý­di.

Döw­let­jan mu­gal­lym bu asyl­ly iş­le­ri bi­len di­ňe bir ak ba­zar­la­ryň bol­çu­ly­gy­na go­şant goş­man, eý­sem, ýaş ne­sil­ler­de ene top­ra­ga söý­gi, päk zäh­me­te hö­wes hem dö­red­ýär. Bu gün­ki gün oba ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da bag­ban mu­gal­ly­myň nus­ga­lyk gö­rel­de­si­ne eýe­rip, bag ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge hö­wes­li­ler kän. Bag ek­mek so­gap­ly iş, aras­sa ho­wa­da zäh­met çek­mek bol­sa, güýç-kuw­wat ber­ýär. Eko­lo­giýa taý­dan aras­sa mi­we­le­riň yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dy­gy bu so­gap­ly işe hö­we­si­ňi art­dyr­ýar. Ak ýü­rek bi­len zäh­met çe­kip, ýer­den bol ha­syl al­mak üçin bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz äh­li şert­le­ri we müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Ke­ýik UMA­RO­WA,

žur­na­list. Su­ra­ta dü­şü­ren Şa­my­rat AMA­DOW.

Çeşme: Türkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024