Makalalar
231
Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns-alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň düşünjesiniň ösmegi üçin dürli usullar peýdalanylýar. Esasan hem, olar bilen terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly dünýägaraýyşlaryny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileri peýdalanmak hem örän ýerliklidir. Ertekiler körpelere iň düşnükli bolan we sada dilde beýan edilýän çeper eserdir. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ertekileriň hyzmaty uly bolup durýar.
Pähimdar pederlerimiz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Esasan hem, nakyllary, ertekileri peýdalanmak arkaly milli terbiýäni beripdirler. Çagalar bagynda bu ugry ösdürmek bilen terbiýeçiler körpelere ertekileri gürrüň berýärler, ýörite multimedia tagtasynda surat şekilleri bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. Şeýle usulyň özi körpelerde uly gyzyklanma döredýär, aýdylýan erteki hakynda pikirlenip başlaýar, ýagşylygyň, birek-birege kömek etmegiň, dostlugyň manysyna düşünmäge çalyşýar. Bu bolsa çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde ädilen ilkinji ädimdir.
Terbiýeçi ertekini diňe okap bermek, multimedia tagtasynda janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýörite oýunlary guraýar. Oýunlarda körpeleriň özleri ertekiniň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. «Akpamyk» atly ertekini çagalar has-da oňat görýärler. Olar Akpamygyň, onuň doganlarynyň keşbini oýunlar arkaly ýerine ýetirýärler. Netijede, olar bu ertekini ýatdan öwrenýärler. Munuň terbiýeçilik ähmiýeti hem, çagalaryň ýatkeşligine hem oňat täsir edýändigini bellemek gerek.
«Akpamyk» ertekisi slaýd şekilleriniň üsti bilen gürrüň berlende, olaryň sanamak ukybyny hem ösdürmek bolýar. Slaýd şekili arkaly çagalar Akpamygyň iki tarapynda näçe doganynyň bardygy we olaryň umumy sanynyň näçedigi barada mesele düzüp, özbaşdak işlemekleri öwredilýär. Çaga mekdebe baranda, eýýäm şeýle mazmunly mysallar bilen işlemegi başarýar. Öwredilýän mysallaryň, meseleleriň üstünde çalt pikirlenýär we olary çözýär. Görnüşi ýaly, häzirki zaman usullarynda hem ertekiniň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini, öwredijilik täsirini baýlaşdyrmak bolýar.
Ertekileriň üsti bilen ýa-da slaýdlar arkaly körpelere sanlar öwredilýän wagty harplary hem ýatlap geçmek we öwretmek, ýagny sapagy utgaşdyryp alyp gitmek mümkin. Munuň çaga beýnisinde beýleki sapaklara bolan gatnaşyklaryny ösdürmekde we ýatlap geçmekde peýdasy uludyr.
Şu mysallardan görnüşi ýaly, ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleri çaga terbiýesini ösdürmäge, körpeleriň düşünjesini kämilleşdirmäge oňat täsir edýär. Diýmek, terbiýeçi çagalara matematikany hem, dilewarlygy hem öwredýär. Şeýlelikde, çaga ertekini ýatdan aýtmagy hem öwrenýär. Netijede, şu usulda çaganyň irki ösüşi üpjün edilýär.
Maýa ANNAMYRADOWA,
Sarahs etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri
"Mugallymlar gazeti"
23.10.2024ý. №86
Çeşmesi: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.