
Makalalar
1277

Mälim bolşy ýaly, saýlama okuwlary guramak we geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Galyberse-de, saýlama okuwlar bilen bagly meseleler ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» içinden eriş-argaç bolup geçmek bilen, pedagogik işgärleriň öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar.
Dünýä tejribesine ýüzlensek, taslama işi orta bilim okuw ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde, hünär kämilleşdiriş okuwlarynda hem-de şuňa kybapdaş işleriň ençemesinde işiň netijeli görnüşi hökmünde ulanylýar.
Daşary ýurt dillerini okatmakda, mysal üçin, taslama işi dil öwretmegiň soňky tapgyrlarynda okuwçylarda kognitiw (akyl ýetirijilik, düşünip öwrenme) başarnygynyň we özbaşdak pikirlenmäniň peýda bolan döwründe belli bir meseläni çözmek üçin berilýän ýumuşdyr. Taslama işi, esasan, okuwçynyň özbaşdak karara gelip, netije çykaryp bilýän döwründe tabşyrylýan ýumuşdyr. Taslama ýerine ýetirilende okuwçy ilki dürli çeşmelerden maglumat toplamaly bolýar, soňra olary ýerbe-ýer goýup, seljerýär hem-de şol seljermäniň-barlagyň netijesiniň beýanyny ýazýar. Taslama işiniň esasy maksady okuwça (ýa-da okuwçylar toparyna) mugallymyň ýolbaşçylygynda çözülmeli meseläniň esasy maksatlaryny daşary ýurt dilinde özbaşdak kesgitläp bilmekden, onuň ýerine ýetiriliş tärlerini işläp düzmekden ybaratdyr. Görşümiz ýaly, mugallym taslama işi alnyp barlanda okuwçyny gönüden-göni sapak berip okatmaýar. Mugallym diňe taslama işiniň gidişine gözegçilik etmek bilen, oňa maslahatçy hökmünde gatnaşýar hem-de iş taýýar bolanda oňa baha berýär.
Şeýlelikde, taslama işi okuwçylarda özbaşdak işläp, öňde goýlan meseläniň oňyn çözgüdini tapmaga, döredijilikli pikirlenmäni amal etmäge gönükdirilen okuw işiniň özboluşly bir görnüşidir. Şol sebäpli hem ony esasy orta bilim derejesinde, orta hünär biliminde, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda ulanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Taslama işi gündelik okuwda geçilen maglumatlary berkitmek işinde has peýdaly tärleriň biridir. Ol barlagnama, test geçirme, synag ýaly bilim ulgamynda özleşdirilen bilimiň hilini kesgitlemek üçin ulanylýan gurallaryň biri bolmak bilen, erkin ýerine ýetirilýär. Bu bolsa bilim ulgamynyň esasy maksatlarynyň biridir.
Taslama işi bir adam tarapyndan, şeýle hem toparlaýyn amala aşyrylyp bilner. Toparlaýyn taslama işinde ony ýerine ýetirijiler biri-biri bilen sazlaşykly, özara ylalaşykly işlemeli bolýarlar. Şeýlelikde, taslama işiniň gidişinde hem-de netijesinde gatnaşyjylar özlerinde toparlaýyn işlemek hem-de pikirlenmek, öz pikiriňi beýan etmek, beýleki gatnaşyjylaryň pikirlerine sarpa goýmak ýaly häsiýetleri hem kemala getirýärler.
Taslama işi alty sany tapgyrdan durýar: 1) taýýarlyk, 2) meýilleşdirme, 3) gözleg işleri (material toplamak), 4) taslamanyň netijesini ýazmak, 5) prezentasiýa (tanyşdyrma) we 6) bahalandyrma.
Taslama işiniň taýýarlyk tapgyrynda mugallym okuwçylara taslama işine çemeleşmegiň ýollary barada giňişleýin düşünje berýär hem-de olarda bu işe gyzyklanma, höwes döredýär. Okuwçylar teklip edilýän temany mugallym bilen ara alyp maslahatlaşýarlar, işi ýerine ýetirmekde ýüze çykyp biljek meseleleri anyklaşdyrýarlar. Işiň meýilleşdirme tapgyrynda mugallym taslama gatnaşyjy okuwçylaryň düzen iş meýilnamasyny gözden geçirýär hem-de tassyklaýar.
Meýilnama amala aşyrylmaly işiň ähli ugurlaryny öz içine almalydyr. Olara a) gerekli çeşmeleri kesgitlemek, b) maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň usullaryny kesgitlemek, ç) gelnen netijeleri beýan etmegiň tärlerini işläp düzmek, d) taslamanyň netijelerini bahalandyrmagyň tertibini işläp düzmek, e) taslama işi toparlaýyn amala aşyrylanda, toparyň agzalarynyň her biriniň etmeli işini anyklaşdyrmak girýär. Taslamanyň gözleg tapgyry işiň iň esasy tapgyrydyr. Bu tapgyryň dowamynda taslama gatnaşyjylar ýekelikde ýa-da toparlaýyn dürli çeşmelerden (kitaplardan, žurnallardan, kitaphanalardan, kartalardan, bilermenleriň kömeginden we ş.m.) maglumat toplaýarlar. Mysal üçin, beýle çeşmelere a) interwýu almak, b) gözegçilik etmek hem-de soragnamalary ýaýratmak girip biler.
Interwýular şol ugurdan bilermenler bilen maglumat toplamak maksady bilen geçirilip, taslama gatnaşyjy öňünden degişli soraglary taýýarlap goýmaly hem-de geçirilen söhbetdeşligiň, gerek bolsa, doly ses ýazgysyny almaly. Gözegçilik gerekli wakalara, hadysalara gatnaşan adam tarapyndan amala aşyrylýar. Soragnama okuwçylar tarapyndan taýýarlanyp, birnäçe adama ýazuw üsti bilen jogap bermek üçin ýaýradylýar. Ol jogap berjek adamlaryň ene dilinde hem taýýarlanyp bilner, emma onuň netijeleri öwrenilýän daşary ýurt dilinde beýan edilmelidir.
Toplanan maglumatlar seljerilip, işiň netijesi ýazylýar. Soňra işiň netijesiniň esasynda mugallymyň hem-de bütin synpyň öňünde çykyş etmek üçin prezentasiýa taýýarlanylýar. Prezentasiýa dilden çykyş görnüşinde, dilden illýustrirlenen çykyş görnüşinde hem-de ýazuw görnüşinde taýýarlanyp bilner. Häzirki wagtda prezentasiýa taýýarlamaga uly üns berilýär. Prezentasiýa taýýarlanylanda sanly bilimiň gazananlaryndan peýdalanylsa, täsiri has gowy bolýar. Şonuň üçin usulyýetçiler soňky wagtlarda okuwy wizuallaşdyrmak maksady bilen, infografikadan önjeýli peýdalanyp başladylar.
Intellektual karta (mind map, mental map), şekilli suratjyklar (stick people, scribing), balyk sudury (fish bone), klaster (cluster), bulutly bellik (tag cloud) ýaly wizuallaşdyryş tärlerini ulanmak prezentasiýanyň materialynyň aňsat hem-de ýeňillik bilen düşünilmegine ýardam edýär, onuň netijeliligini ýokarlandyrýar. Aşakda käbir ýörgünli wizuallaşdyryş (infografika) tärlerine mysallary getirýäris.
Taslama işiniň bahalandyryş tapgyrynda mugallym okuwçynyň (toparda her bir okuwçynyň) işe gatnaşygyna, döredijilikli çemeleşişine, çeşmeleriň ulanylyşyna hem-de işiň netijesi bilen tanyşdyryş başarjaňlygyna baha berýär.
Mugallym okuwçylara taslama işiniň temasyny saýlamaga kömek edýär. Ol gerek bolan ýagdaýynda, içinden saýlap almak üçin birnäçe tema hem hödürläp biler. Ol temalar, umuman, okuw maksatnamasynyň çäginden çykmaly däldir. Muňa garamazdan, olar sapak materiallaryny doly gaýtalaman, okuwçylarda döredijilikli pikirlenmäni ösdürmäge mümkinçilik döretmäge gönükdirilen bolmalydyr. Mekdep okuwçylary üçin iňlis dilinde «My dream town», «The country I visited or would like to visit», «My country is neutral», «Technology in our lives» ýaly temalar muňa mysal bolup biler.
Taslama işinde mugallymyň wezipesi uludyr. Ýokarda belleýşimiz ýaly, mugallym okuwçylarda berlen temany işlemäge höwes döretmegi başarmalydyr, işi amala aşyrmak üçin oňyn şert döretmeli, şeýle hem okuwçynyň ýa-da toparyň etmeli işlerini jikme-jik meýilleşdirmegi başarmaly.
Jemläp aýdanymyzda, taslama işiniň gidişinde mugallym okuwça/topara zerur bolan çeşmeleri salgy berýär, gerek bolan ýagdaýynda özi hem maglumat berýär, bütin taslamany ugrukdyrýar, kömek berýär hem-de gazanylan netijeleri anyk beýan etmäge ýardam edýär.
Toparlaýyn taslamalar barada ýene-de bir bellemeli zat bar. Uly bolmadyk toparlarda amala aşyrylan taslamalar, köplenç, oňat çykýar hem-de maksadalaýyk bolýar. Bilelikde işlenende taslama gatnaşyjylaryň meseläni öwreniş mümkinçiligi has artýar, kämilleşýär. Toparlaýyn taslama gatnaşyjylar birek-birek bilen pikir alyşmak, ýoldaşlarynyň pikirini diňlemek, toparyň agzalary bilen bilelikde mesele çözmek, durmuşy meseleleri ylalaşykly çözmek ýaly oňyn endikleri ele alýarlar. Toparyň agzalary taslamany böleklere bölüp, aýratyn bir meseläniň üstünde hem işläp bilerler, ýöne olar hem işiň netijesine goşant goşmagy unutmaly däldir.
Görşümiz ýaly, taslama işi okuwyň peýdaly görnüşi, emma ony mugallym gerek ýerinde netijeli ulanmagy başarmalydyr. Usulyýet ylmynda uniwersal, ýeke-täk bir usulyň bolmaýşy ýaly, taslama işi belli bir derejede eksperimental häsiýete eýedir. Taslama işi, bir tarapdan, okuwçynyň daşary ýurt dilinde dil endiklerini ösdürse, beýleki tarapdan, ol okuwçynyň jemgyýetde özüniň ornuny tapmaga hem-de Watanymyza we halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegine ýardam eder.
Rejebaly NAZAROW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Dil we edebiýat bölüminiň müdiri
"Mugallymlar gazeti"
28.10.2024ý. №87
Çeşmesi: Turkmenmetbugat