Makalalar
424
Tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu möwsümiň gelmegi bilen, ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş günleri has-da şatlyk-şowhuna beslenýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel seýilgähleri bu günlerde köp adamly. Şeýle seýilgähleriň biri-de «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähidir.
Bu seýilgäh 1887-nji ýylda ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen ilkinji seýilgähdir. Seýilgäh ilkibaşda «Ýaz howlusy» soňra «Birinji park» diýlip atlandyrylypdyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra «Aşgabat seýilgähi» diýlip atlandyryldy hem-de onuň durky 2014-nji ýylda düýpli täzelendi. Paýtagtymyzyň bu gözel künjeginde ençeme ýyllaryň taryhyny özünde jemläp oturan 100 ýaşly uly daragtlar hem bar. Türkmenbaşy we Magtymguly şaýollarynyň ugrunda ýerleşýän bu seýilgäh 7-8 gektara golaý meýdany eýeleýär.
Seýilgähe gireniňde, çagalaryň şadyýan gülki sesleri daş-töweregiňi gurşap alýar. Şol pursatda, göýä diýersiň, özüňem çagalyk ýyllaryňa dolanan ýaly bolýarsyň. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly konsertler yzygiderli guralýar. Çagalar bu ýerde wagtlaryny örän hoş geçirýärler. Ondaky «Dinozawrlar dünýäsine» we beýleki owadan ýerlere aýlanyp, surata düşýärler.
— Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndan agtyklarym bilen «Aşgabat» seýilgähine gezelenje geldik. Bu ýerdäki hiňňildikler, oýun meýdançalary, aýdym-sazly çykyşlar göwnüňi göterýär. Çagalara seýilgähdäki göçme dükanlardan dürli görnüşli buzgaýmaklarydyr süýjülikleri satyn alsa bolýar. Perzentlerimiziň şeýle ajap zamanada, asuda, abadan ýurdumyzda wagtlaryny hoş geçirýändiklerini görmek uly bagt! — diýip, çowluk gören 82 ýaşly ene Jumagözel Sakgalowa ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.