
Makalalar
502

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, innowasion usullary ornaşdyrmak bilen bagly döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Bu tagallalaryň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt dillerini okatmakda häzirki zaman tehnologiýalaryna we täsirli usulyýetlere esaslanmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle usullaryň hatarynda häzirki wagtda giňden ulanylýan audio-wizual serişdeler we infografika aýratyn orun tutýar. Bu usullar daşary ýurt dillerini öwrenýän okuwçylara dili diňe nazary taýdan däl, eýsem, amaly taýdan hem çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Audio-wizual usulyýet — bu wideoýazgylar, ses ýazgylary, animasiýalar, interaktiw sapaklar we dialog görnüşli wideogepleşikler arkaly öwretmek usulydyr. Mysal üçin, tema degişli ses ýazgylary, gepleşik wideolary, animasiýa ýa-da dokumental ýazgylar arkaly okuwçy dil maglumatyny diňe diňlemek bilen çäklenmän, onuň ulanylýan ýerini (context) hem öwrenýär. Şeýle ýagdaý okuwçylaryň seslenme, sözleriň many taýdan dogry ulanylmagy, leksika we grammatika gurluşlarynyň amaly taýdan berjaý edilmegi ýaly endiklerini ösdürýär. Şeýle-de sapaklaryň dowamynda görkezilen wideoýazgylaryň esasynda taýýarlanylýan sahna oýunlary, toparlaýyn çykyşlar, gepleşikler okuwçylaryň aragatnaşyk gurmak, dili durmuşda ulanmak başarnygyny ösdürýär.
Infografika usuly maglumatlaryň surat, grafika, şekil we gysga sözlem arkaly düşnükli beýan edilýän görnüşidir. Bu usul şekiller arkaly dili öwrenmegi has düşnükli we ýatda galyjy edýär. Dili öwrenmekde grammatika düzgünleriniň, söz düzümleriniň, zamanlaryň, degişli söz birlikleriniň wizuallaşdyrma (infografika) arkaly görkezilmegi okuwçylaryň maglumatlary görüp, pikirlenip, seljerip, aň-düşünje taýdan baglanyşyk gurmagyna mümkinçilik döredýär. Mysal üçin, sözleriň kökleri bilen goşulmalarynyň infografikada görkezilmegi, zamanlar boýunça işlikleriň ulanylyş tertibi, gepleşik söz düzümleri ýaly dil gurluşlary okuwçylarda logiki we pikirlenmek endikleriniň ösüşine hem hyzmat edýär.
Okuwçylaryň özleri tarapyndan taýýarlanylan infografika olaryň döredijilik ukybyny ösdürmek bilen bir hatarda, tehnologiýa bilen işlemek başarnyklaryna hem oňyn täsir edýär. Bu usullaryň sapakda ulanylmagy okuwçylarda diňe bir öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, öz bilimini barlamak, maglumat bilen işlemek, pikirini beýan etmek ýaly başarnyklaryň toplumlaýyn ösüşine getirýär. Mysal üçin, «Menu and orders» diýen tema boýunça okuwçylar, bir tarapdan, wideoşekilleri görýärler we degişli infografika bilen tanyşýarlar. Soňra dialog görnüşinde sahna taýýarlap, aragatnaşyk başarnyklaryny kämilleşdirýärler.
Daşary ýurt dillerini öwretmekde maglumatlary aňsat, düşnükli we ýatda saklanýan görnüşde bermegiň ähmiýeti örän uludyr. Aşakda giňden ulanylýan we okuwçylaryň dil başarnyklaryny ösdürmäge kömek edýän käbir infografika görnüşleriniň aýratynlyklary we olaryň daşary ýurt dili sapaklarynda ulanylyşy barada durup geçeliň.
Intellektual karta (mind map). Bu pikirleriň ýa-da maglumatlaryň esasy temadan ugur alyp şahalanýan görnüşde grafiki taýdan ýerleşdirilen görnüşidir. Bu usul maglumatlary tertiplemek, sözleri ýatda saklamagy ýeňilleşdirmek, tankydy pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek, döredijilikli pikirlenmek, maglumatlar arasynda logiki baglanyşyk gurmak üçin ulanylýan täsirli wizuallaşdyryş usulydyr.
Wagt çyzgydy (timeline). Wakalaryň ýa-da prosesleriň yzygiderli tertipde görkezilmegi arkaly okuwçylar işlikleriň zaman boýunça ulanylyşyny ýa-da taryhy wakalary aňsat öwrenýärler.
Aýgül MUHAMMEDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy