Makalalar
568
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025—2026-njy okuw ýyly hem barha golaýlaýar. Täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarda mekdep bazarlary raýatlarymyza dürli görnüşli okuw harytlaryny hödürleýärler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda, gözel paýtagtymyzda hem mekdep bazarlary hepdäniň ähli günlerinde halkymyza döwrebap hyzmat edýär.
Harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýurdumyzyň dürli künjegindäki mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin okuw eşikleriniň, dürli esbaplaryň satuwa çykarylan nusgalary göze gelüwliligi, owadanlygy, bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar.
Mekdep bazarlarynda gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjeklere, fartuklara, zähmet sapagynda geýmäge niýetlenen lybaslara okuwçylar uly isleg bildirýärler. Oglanlar hem bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslarynyň — köýneklerdir penjekleriň, aýakgaplaryň arasyndan göwnüne ýaranyny elýeterli bahadan satyn alýarlar. Bazarlaryň tekjelerine bezeg berýän nepis tahýalar, ýantorbalardyr okuw esbaplary alyjylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrýar. Mekdep okuwçylary we talyplar üçin hödürlenilýän harytlaryň hiliniň ýokarylygy, hakykatdan hem, ýurdumyzda iň gowy zatlaryň çagalara niýetlenendigini, ata Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň ýurdudygyny aýdyň görkezýär.
Atabaý MÄMMEDOW,
Aşgabat şäheriniň Mäti Kösäýew adyndaky 119-njy orta mekdebiniň müdiri
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.