
Makalalar
175

Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Türkmenler tarapyndan gurlan kitaphanalar öz döwründe dünýä alymlary üçin arzyly mekan bolupdyr. Halkymyz iň uly baýlygyň ylym-bilim ummanynyň düýbünde gizlenen pähim-paýhas dürlerinden ybaratdygyna, kitaplarda jemlenen parasadyň ynsana asyrlarboýy hyzmat etjekdigine ynanypdyr. Paýlaşdygyňça köpelýän hazynadan paýyňy kitaplaryň sahypalaryndan susup almalydygy ähli döwürler üçin üýtgewsiz hakykatdyr. Kitap okamak diňe bir uly adamlar üçin däl, eýsem, çagalar üçinem örän möhümdir. Kiçilikden kitap okamagy endik edinmek adama örän köp peýda getirýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar üçin niýetlenen edebiýatda duş gelýän seýrek ulanylýan sözleriň möçberi uly adamlaryň gündelik gepleşikde peýdalanýan jümlelerinden 50 göterim köpdür. Şonuň üçinem çagalara kiçiliginden kitap okap bermek olaryň söz baýlygynyň artmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem çagalaryň köp sözleri gepleşik arkaly däl-de, hut kitaplardaky ertekileriň ýa-da multfilmleriň üsti bilen öwrenýändiklerini bellemek gerek.
Çaga kitap okap bermegiň iň esasy peýdalarynyň biri-de, munuň ata-ene bilen perzendiň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýänligidir. Şol bir wagtyň özünde-de, okalýan ertekilerdäki wakalaryň, beýan edilýän hadysalaryň hakyky durmuş bilen baglanyşdyrylmagy möhümdir. Ertekilerdäki gahrymanlaryň hereketleri, häsiýetleri çagalara dürli durmuş ýagdaýlarynda nähili hereket etmegiň dogrudygyny kesgitlemäge kömek edýär. Şonuň üçinem çagalara kitap okap bereniňizde, olaryň öňe sürülýän pikirlere dogry düşünmegine üns bermelidir. Kitaplary özbaşdak okamagy öwrenmek bilen, çaga has-da kämilleşýär, sözleri dogry aýtmagy, ýerbe-ýer ulanmagy başarýar.
Körpeler üçin niýetlenen kitaplar diňe bir ertekilerden ybarat däldir. Häzirki döwürde kiçi ýaşly çagalara niýetlenen öwrediş häsiýetli kitaplaryň köpelýändigi aýratyn bellenilmeli. Şeýle kitaplar çagalara daş-töweregimizi gurşap alan dünýä barada ilkinji düşünjeleri edinmäge ýardam edýär. Öwrediji kitaplaryň täsirini has-da artdyrmak üçin olary hakyky durmuş bilen baglanyşdyrmak wajypdyr. Meselem, haýwanat dünýäsi baradaky kitaplary janly tebigatyň muzeýine gezelenç bilen utgaşdyrmak has-da peýdalydyr.
Çagalar edebiýatynyň altyn hazynasynda orun alan eserler üstünden näçe wagt geçse-de, ähmiýetini ýitirmeýär. Olaryň many-mazmunyna düşünip okamak körpeleriň geljekde halal, zähmetsöýer, ahlakly ynsanlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Şonuň üçinem çagaňyza kitap okamagy öwretmek üçin wagtyňyzy we serişdeleriňizi gaýgyrmaň!
Selbi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
"Watan"
02.11.2024ý. №88
Çeşmesi: Turkmenmetbugat