Aşgabat
Makalalar
318
Durmuşda her bir üstünlik özünden soňky üstünliklere hamyrmaýa bolýar. Ynsan taryhyndaky ilkinji uçarly syýahat bilen ilkinji Aýa syýahatyň arasynda bary-ýogy 66 ýyl bar. 1903-nji ýylda ilkinji uçarly syýahat amala aşyrylanda: «Bir gün adam Aýa hem baryp ýeter» diýlen bolsa, elbetde, ol wagtlar muňa hiç kim ynanmazdy. Emma 1969-njy ýylda adamzat Aýa gadam basdy. Bu günki gün bolsa ol Marsa syýahatyň arzuwynda gezip ýör. Şeýlelikde, bilim arkaly beýik geljek binýat tapýar, ösüşleriň derejesi bilim bilen kesgitlenilýär. Ylym we bilimde arka atylýan menziller hyýalymyza sygmajak netijeler bilen haýran galdyryp, her birimizi täze gözleglere ruhlandyrýar.
DÜÝNDEN ŞU GÜNE...
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň içinde beýik özgertmeler amala aşyrylyp, ajaýyp ösüşler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Aýratyn hem, ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan öňegidişlikler halkymyzyň aýdyň ertirlere uly ynam bilen barýandygyna şaýatlyk edýär. Bilim — ösüşleriň, kämilligiň röwşen ýoly. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydygyny nygtaýar. Şoňa görä-de, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň», şeýle-de kabul edilen beýleki kanunçylyk namalaryň esasynda ýaşlary döwrebap şertlerde okatmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaly resminamalar milli bilim ulgamymyzyň halkara standartlaryna laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýlelikde, dünýäniň dürli künjeklerinde biziň Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarda, ylmy we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlarymyzyň hatary barha artýar.
ŞU GÜNDEN GELJEGE...
Her bir öňde goýulýan maksat täze sepgitleriň buşlukçysydyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi bilim ulgamynda geljegi nazarlaýan ösüşleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu Konsepsiýa bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de okatmagyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary hünärli pedagogik işgärleri magistraturalarda, aspiranturalarda hem-de doktoranturalarda taýýarlamagyň hem-de okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerimini giňeltmek ýaly wezipeler bu resminamanyň esasy maksatlarynyň hataryndadyr. Konsepsiýada pedagogik işgärleriň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmak, ýaşlara geljekde mugallymçylyk hünärini saýlamaga ýardam bermek bilen birlikde, dürli halkara maksatnamalaryň, aýratyn hem, PISA, TIMSS, PIRLS görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak we şolaryň esasynda yzygiderli seljermeleri geçirmek ýaly maksatlar öňde goýulýar. Bu halkara maksatnamalar barada giňişleýin maglumatlary öwrenmek okyjylar üçin hem gyzykly bolsa gerek.
PISA MAKSATNAMASY
PISA — halkara derejesinde okuwçylaryň bilimini barlamagyň maksatnamasy bolup, ol 2000-nji ýylda Fransiýada döredildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy tarapyndan esaslandyrylan bu maksatnama 15 ýaşly mekdep okuwçylarynyň okamak sowatlylygyny, matematika we tebigy bilimler boýunça başarnyklaryny barlamaga niýetlenendir. Maksatnama dünýä ýurtlarynyň 81-si gatnaşyp, halkara synaglar üç ýyldan bir gezek geçirilýär. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda dünýä ýurtlaryndan okuwçylaryň 690 müňüsi PISA synagyny tabşyrdy. Munuň özi maksatnamanyň okuwçylaryň alan bilimlerini seljermekde örän netijelidigini görkezýär.
TIMSS MAKSATNAMASY
TIMSS — matematika we tebigy bilimler boýunça halkara maksatnamasy. Bilimde gazanylan üstünliklere baha beriş birleşigi (IEA) tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynda döredildi. 4-nji we 8-nji synp mekdep okuwçylarynyň matematika we tebigy bilimler boýunça bilimlerini kesgitlemek maksatnamanyň esasy wezipesidir. Onuň halkara synaglary ilkinji gezek 1995-nji ýylda geçirildi. Dört ýyldan bir gezek geçirilýän halkara synaglar okuwçylaryň dört ýyl öňki we dört ýyl soňky netijelerini deňeşdirip, olaryň üstünligine baha bermäge gönükdirilendir.
PIRLS MAKSATNAMASY
Bu maksatnama hem Bilimde gazanylan üstünliklere baha beriş birleşigine (IEA) degişli bolup, ol 2001-nji ýylda Niderlandlar Patyşalygynda döredildi. Okuwçylaryň okamak sowatlylygy boýunça barlag işlerini geçirmekde, bahalandyrmakda, alýan bilimlerini seljermekde PIRLS maksatnamasy örän ähmiýetlidir. Şeýlelikde, bu maksatnama tarapyndan okamagyň hili we tekste düşünmek boýunça halkara barlag ilkinji gezek 2001-nji ýylda geçirilip, oňa agza ýurtlaryň 35 sany bilim ulgamy gatnaşdy. Bäş ýyldan bir gezek geçirilýän barlaglaryň iň soňkusy 2021-nji ýylda guralyp, oňa 57 sany döwletiň bilim ulgamy gatnaşdy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, PIRLS barlagy edebiýat we maglumat bölümlerinden ybarat bolup, çeper edebiýat, halk döredijiligi, durmuşdan hekaýalar, şeýle hem ylmy makalalar, biografiýalar, maglumat kitapçalary bilen bagly tekstleri öz içine alýar. Barlaglara 4-nji synp, ýagny 9-10 ýaşlaryndaky okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Şunda test sowallary, ýazmaça jogap bermek we tablisalarda berilýän maglumatlary peýdalanyp, dürs jogaplary tapmak ýaly usullar ulanylýar.
Kakajan AGAJYKOW,
Gujurly bilim merkeziniň baş direktory.
“Watan”
02.11.2024ý. №88
Çeşmesi: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024