
Makalalar
2169

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemek babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Maddy-enjamlaýyn binýadyň gowulandyrylmagy
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda häzirki zamanyň döwrebap kompýuterleri, laboratoriýa enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň täze binalarynyň gurluşyk işleri giň gerimde dowam etdirilýär.
2024 — 2025-nji okuw ýylynda jemi 400 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si hem-de jemi 3660 orunlyk mekdepleriň 5-si, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1 sany mekdep we umumyýaşaýyş jaýy, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 1 sany orta mekdep, Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň Olom obasynda 1 sany orta mekdep, Mary şäherinde 1 sany orta mekdep, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda 1 sany çagalar bagy, Daşoguz şäheriniň çäginde gurulýan ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumynda 1 sany orta mekdep we 1 sany çagalar bagy ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp, Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň döwrebap binasynyň, şeýle hem bu merkeziň çäginde ýerleşdiriljek Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň düýbi dabaraly tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli maksatnamasyna» laýyklykda, degişli döwürde jemi 4560 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 17-siniň, şeýle-de jemi 19980 orunlyk umumybilim edaralarynyň 32-siniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Munuň özi bilim ulgamynyň geljeginiň uludygynyň esasy alamatlarynyň biridir.
Mekdebe çenli bilim we terbiýe
Hormatly Prezidentimiziň: «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Olaryň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, döwrebap bilim almagy biziň esasy maksatlarymyzyň biridir» diýen maksadyndan ugur alnyp, milli bilim ulgamynyň ilkinji derejesi bolan mekdebe çenli bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary netijeliligini we döwrebaplygyny gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglarynda ilkinji düşünjeleriň berilmegine, başarnykdyr endikleriň kemala getirilmegine gönükdirilen bilim işi terbiýe bermek bilen utgaşyklykda alnyp barlyp, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiniň kemala gelmek binýadynyň düýbi tutulýar.
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň beren gymmatly maslahaty esasynda geçen okuw ýylynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen baglanyşykly işleriň kämilleşdirilmegi babatynda zerur işler alnyp baryldy. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda inklýuziw bilim boýunça ylmy-usuly we okuw-usuly gollanmalar işlenilip taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda usuly-amaly okuwlar geçirilip, özara tejribe alşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatynyň netijelerinden ugur alyp, Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ugrukdyryjy-düzediş okuwlar geçirildi.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň psihologiýa, pedagogika we okatmagyň usulyýeti babatdaky hünär derejelerini dünýä tejribesine laýyklykda ýokarlandyrmak boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi.
Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek
2024 — 2025-nji okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan has-da kämilleşdirmek bilen bagly işlere uly orun berildi. Hususan-da:
— dünýä tejribesine laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we okuw maksatnamalaryny, kitaplary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi;
— okuw sapaklarynda tejribelik işini geçirmegiň, taslama işlerini alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy;
— umumybilim edaralarynda dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek boýunça işlere uly orun berildi;
— başlangyç synplarda okatmagyň didaktiki oýun tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak boýunça işler alnyp baryldy;
— okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak boýunça işler dowam etdirildi.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dürli görnüşli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar hem-de olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş pedagogik işgärlere halypalyk edýän pedagogik işgärler Hormat hatlary hem-de höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy.
Ýaş nesle bilim bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribeli, öňdebaryjy bilim edaralarynyň we işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanan pedagogik işgärleriň gatnaşmagynda «Dili bilimde — goly zähmetde», halypa mugallymlaryň iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen, «Salam, mugallym!» atly telegepleşikler ýola goýuldy.
«PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler», «Innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda himiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak» atly temalardan hünär kämilleşdiriş okuwlary guraldy. Okuwçylaryň matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Bu ugurda Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdepde ene dili, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa dersleri boýunça 4-nji synp okuwçylarynyň bilim derejeleri bahalandyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz» diýen maslahaty esasynda 2024 — 2025-nji okuw ýylynda mugallymlaryň, terbiýeçi-usulyýetçileriň pedagogik başarnyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Döwlet derejesinde usuly-amaly maslahatlar geçirilip, ýaş nesle raýat-watançylyk terbiýesini bermegiň wezipeleri, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmegiň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilimi tassyklaýan resminamalaryň kämilleşdirilmegi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyjy bilen 2013-nji ýylda ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda okuwyň möhleti on iki ýyla çenli uzaldylyp, «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» esasynda bilim işi yzygiderli kämilleşdirildi. Bu geçen döwrüň içinde milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen umumy orta bilim, hünär taýýarlygy, mekdepden daşary bilim, ýörite saz babatda goşmaça bilim, ýörite horeografiýa babatda goşmaça bilim, sungat babatda goşmaça bilim hakynda, bedenterbiýe we sport babatda goşmaça bilim hakynda şahadatnamalaryň, şeýle hem kliniki ordinatura hakynda diplomyň nusgalary tassyklanyldy.
2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» esasynda 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlara hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan täze görnüşdäki umumy orta bilim hem-de hünär taýýarlygy hakynda şahadatnamalar dabaraly gowşuryldy.
Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ene dili bilen birlikde daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine uly ähmiýet berlip, bu ugurda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň döwrebap toplumlary taýýarlanyldy, dil bilimleriniň ylmy-usulyýet binýady halkara ülňülerine laýyklykda pugtalandyryldy. Dilleri okatmaga ýöriteleşdirilen okuw hem-de lingafon otaglary, multimedia we interaktiw tagtalary ýaly zerur enjamlar bilen üpjün edilip, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini has-da netijeli özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän edaralaryň gerimi giňeldilip, olaryň sany 144-e ýetirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleri hasaplanylýan iňlis, fransuz, ispan, rus, arap, hytaý dillerinde, şeýle hem türkmen dilinde elektron sözlükler, ykjam programmalar işlenilip düzüldi, türkmen halk ertekileri boýunça daşary ýurt dillerinde kitapçalar taýýarlanyldy, bu ugur boýunça okuw kitaplarynyň 135-si, sözlükleriň 16-sy neşir edildi.
Ýurdumyzda hereket edýän okuw merkezlerinde iňlis, hytaý, ýapon, italýan, fransuz, nemes, koreý dilleri boýunça dünýäniň öňdebaryjy standartlaryna laýyklykda, halkara şahadatnamalaryny almak üçin okuwlar yzygiderli guralýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Italiýa Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri, halkara derejeli Cambridge Press, Gýote institutlary, Ýapon Gaznasy ýaly bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, daşary ýurt dillerini okatmagyň meselelerine bagyşlanan okuwlar, ylmy-amaly we ylmy-usuly maslahatlar geçirildi. Olarda baý tejribe toplanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda ýurdumyzda fransuz diliniň öwredilişini ýola goýmakda ikitaraplaýyn iş alyp barmagyň mümkinçiliklerine seretmek barada öňe süren teklibi boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Bilim ulgamyndaky türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň netijesini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda alnyp barylýan işlerde has anyk görmek bolýar. Fransuz dili we edebiýaty hünärinde okaýan talyplara fransuz diliniň nazary fonetikasy, leksikologiýasy, stilistikasy, grammatikasy, fransuz edebiýatynyň taryhy boýunça bilim berilýär. Türkmenistandaky Fransuz institutynyň guramagynda fransuz dili hepdeligi geçirilýär. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň «Diller dünýäsi», «Arkadag» teleýaýlymynyň «Parahatçylyk dilleri» telegepleşiklerinde fransuz dillerinde sapaklar ýazgy edilip, ýaýlyma goýberildi.
Milli we watançylyk terbiýesiniň gönezligi
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz: «Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ene-ata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir. Garaşsyz Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Gürgenç, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherleri ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde dünýä meşhur bolupdyr» diýip, milli ýörelgeleri dabaralandyrmagy, okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksady hasaplaýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleriniň, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň esasynda bilim işi nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda milli buýsanç barada täze terbiýe pelsepesini esaslandyrdy. Milli Liderimiziň bu kitabynyň milli buýsanja ýugrulan watançylyk, bilim berijilik we terbiýeçilik ähmiýetli pedagogik ideýalary okatmagyň usulyýetinde giňden peýdalanylýar. Ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar taryh, Gündogary öwreniş, syýasaty öwreniş, arheologiýa, filosofiýa, türkmen dili we edebiýaty, žurnalistika, iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty we beýleki hünärlerde okadylýan dersleriň okuw maksatnamalaryna girizildi. Şeýle hem halypa sagatlarynda, talyplaryň özbaşdak işlerinde, ýyllyk we diplom işlerinde, ylmy-barlag işlerinde gymmatly usuly gollanma bolup hyzmat edýär. 2025 — 2026-njy täze okuw ýylynda hem ýaş nesle milli terbiýeçilik däpleriniň iň gowy nusgalary esasynda watançylyk terbiýesini kämilleşdirmek bilim ulgamynyň baş maksadyna öwrülip, bu babatda netijeli işler dowam etdiriler.
Kitaplar dünýäsi — hazynalar ummany
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly nusgalyk kitabynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphon jemgyýeti kemala getirmek barada taglymatlar beýan edilýär hem-de her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etmek hakynda başlangyç öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň söz baýlygynyň artmagynda we ýatkeşliginiň güýçlenmeginde, pikirlenmek ukyplarynyň ösdürilmeginde, gözýetimleriniň giňelmeginde kitabyň ähmiýetiniň uludygy nazara alnyp, geçen okuw ýylynda ähli derejelerdäki bilim edaralarynda kitap okamak bilen bagly çäreler, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligine, ýurdumyzyň taryhyna, şanly wakalaryna bagyşlanan kitap sergileri, ylym we döredijilik wekilleri bilen söhbetdeşlikler, kitaplar esasynda düzme ýazmak, surat çekmek ýaly dürli bäsleşikler, neşir önümleriniň sergileri, ylmy-amaly maslahatlar, kitap şüweleňleri geçirildi.
Bu işler bilen ugurdaşlykda, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek ugrunda hem işler alnyp baryldy. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda ylmy-amaly maslahatlaryň we seminar-maslahatlaryň 9-sy geçirildi. Ylmy makalalary, ýygyndylary, monografiýalary ýazmak ugrunda işler dowam etdirildi. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, dürli ylmy-jemgyýetçilik çäreler geçirildi.
Hünär biliminiň ösüşi
«Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ýigit görki — hünär», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor», «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» ýaly ajaýyp nakyllary durmuş ýörelgesine öwren türkmen halky ogul-gyzlaryna ýaşlykdan hünärleri öwredipdir. Gözbaşyny müňýyllyklardan alýan bu milli durmuş mekdebi mynasyp dowam etdirilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýaşlary hünäre ugrukdyryş işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, türkmen, iňlis, rus, fransuz, nemes dilleri, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy, beden taýýarlygy we sport görnüşleri dersleri boýunça ders bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi. Bu bäsleşikler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden teswirlendi.
Halkara bäsleşiklerindäki üstünlikler
Beýik maksatlar üçin yhlasly okaýan, öwrenýän, döredýän bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri milli döwletliligimiziň binýady bolan döretmek we gurmak ýolunyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilmegi zemine dolýan abraýymyzdyr. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn». Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözlerine, atalyk nesihatlaryna eýerýän mekdep okuwçylary 2024 — 2025-nji okuw ýylynda 21-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda, Kapitsa adyndaky Halkara fizika olimpiadasynda, 42-nji Balkan matematika olimpiadasynda, 59-njy Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynda, 25-nji Aziýa fizika olimpiadasynda, 3-nji Al-Horezmi adyndaky matematika we informatika olimpiadasynda, Abu Reýhan Biruny adyndaky 2-nji Halkara himiýa olimpiadasynda, Ýaşlaryň 29-njy Balkan matematika olimpiadasynda, 57-nji Halkara himiýa olimpiadasynda, 66-njy Halkara matematika olimpiadasynda, 55-nji Halkara fizika olimpiadasynda işjeňlik görkezip, üstünlikli çykyş etdiler. Bu döwürde okuwçylar halkara ders we internet bäsleşiklerinde 122 altyn, 131 kümüş, 119 bürünç medallaryna, şonuň ýaly-da, «Erudit», «Metaşkola», «Gün şöhlesi», «Bilim wagty», «Bilim çeşmesi» atly internet-onlaýn ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejeli diplomlaryň 4378-sine mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň talyp ýaşlary 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda, Ýaşlaryň 5-nji Halkara ylym sergi bäsleşiginde, «МагистриУМ» atly Halkara olimpiadasynda, 11-nji Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň matematika bäsleşiginde, Woýteh Ýarnik adyndaky 32-nji Halkara matematika bäsleşiginde, 3-nji Al-Horezmi adyndaky Halkara matematika olimpiadasynda, Robototehnika we informatika boýunça dünýä olimpiadasynda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 32-nji Halkara matematika bäsleşiginde gowy netijeleri gazandylar. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda jemi 690, şol sanda 166 altyn, 363 kümüş, 161 bürünç medallaryny gazandylar, baýrakly orunlaryň 760-syna mynasyp boldular.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 21 — 26-njy aprelinde Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Olimpiada 14 döwletden jemi 231 sany zehinli ýaşlar hem-de 49 mugallym gatnaşdy. Olimpiadada gazanylan medallaryň sany boýunça Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň topary 1-nji, Türkmenistanyň topary 2-nji, Hytaý Halk Respublikasynyň topary 3-nji orna mynasyp boldy.
Ylym — bilim — önümçilik
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bilimiň we ylmyň özara baglanyşygyny berkitmek, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlaryň ylmy-döredijiligini işjeňleşdirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp baryldy. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige hödürleýän «IT ylmy-tehniki merkezi» hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Innowasiýa ylmy-okuw we önümçilik merkezi» döredildi.
Umuman, 2020 — 2024-nji ýyllar aralygynda ýokary okuw mekdeplerinde ylym bilen bilimiň netijelerini önümçilige çalt girizmek ugrunda jemi 21 merkez döredildi (ösüş dinamikasy: 2020 — 4, 2021 — 3, 2022 — 8, 2023 — 4, 2024 — 2), şolaryň 12-si jemgyýetçilik başlangyçlary esasyndadyr. Merkezler tarapyndan ylmy-barlag we taslama-konstruktorçylyk işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmakdan gazanýan girdejileriniň artmagy hem bellärliklidir.
Sanly bilim
Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleriň wajyp ugry hökmünde sanly bilimi ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi. «Zehin» internet synag, «Şekil» wideoaragatnaşyk, «Ukyply» multimedia, elektron kitaphana ulgamlary, «Çagalar bagy» töleg programmasy ýaşlara berilýän bilimiň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berdi. 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz «e-mekdep» ulgamyna ak pata berdi. Bu ulgam arkaly ata-enelere öz perzentleriniň gündeliginiň elektron görnüşi, ýagny okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna gatnaşygy, temalary özleşdirişi, ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berilýär. Ýörite programmalar, enjamlar we algoritmler bilen seljerilip, okuwçynyň ýetişigi bahalandyrylýar.
Mugallymlaryň maglumat tehnologiýalary ugurlaryndan hünärini kämilleşdirmekleri üçin ýörite okuwlar guraldy. Mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň täze maglumat tehnologiýalaryna gyzyklanmasyny ösdürmek üçin seminarlar, ussatlyk sapaklary, ylmy-amaly we taslama bäsleşikleri, ders olimpiadalary geçirildi, «Startap ekoulgamy» döredildi. Bilim işinde reýting hil görkeziji we beýleki ulgamlar giňden ulanyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda hereket edýän «Mugallymçylyk STEM parky» atly merkezler döredildi.
Halkara reýtinglerine goşulmak
2025-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny amal etmegiň netijeleri boýunça «THE University Impact Rankings 2025» reýtinginiň sanawyna goşuldy. Ýokary okuw mekdeplerimiziň 14-si Halkara uniwersitetleriň assosiasiýasynyň doly hukukly agzalary hökmünde bu guramanyň çäklerinde halkara akademiki hyzmatdaşlygy dowam etdirdiler.
2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Aziýa uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň VI gurultaýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistandan assosiasiýanyň agzalygyna giren ilkinji ýokary okuw mekdebidir.
2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.
Halkara hyzmatdaşlygy
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Halkara ylalaşyklaryna laýyklykda, geçen okuw ýylynda özara tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyndan 806 sany wekil daşary ýurt döwletleriniň 44-sine ugradyldy. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, maslahatlaryň, okuw sapaklarynyň, ylmy maslahatlaryň 365-si geçirildi. Bu döwürde 2 sany iş meýilnamasyna, 1 sany Ýol kartasyna, 1 sany ylalaşyga hem-de 20 sany Ähtnama gol çekildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişligine içgin goşulyşmagy üstünlikli dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2023 — 2024-nji okuw ýylynda halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň 16-sy, halkara olimpiadalaryň we ders bäsleşikleriniň 17-si geçirilen bolsa, bu görkezijiler 2024 — 2025-nji okuw ýylynda degişlilikde 20-ä we 19-a ýetdi.
* * *
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna işjeň gatnaşyldy, hususan-da, syýasatşynaslardyr talyplaryň taýýarlamaklarynda gepleşikler ýazgy edilip, ýaýlyma goýberildi, gazet-žurnallarda makalalar neşir edildi, meýletinçilik işleri ýokary derejede amala aşyryldy.
Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler
Täze okuw ýylynda gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini, tejribehanalary döretmek boýunça işler alnyp barlar. Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmek, bilimiň, ylmyň, innowasiýalaryň arabaglanyşygyny göz öňünde tutýan gurallar tapgyrlaýyn ornaşdyrylar. Professor-mugallymlaryň we talyplaryň abraýly halkara ylmy žurnallarda makalalaryny çap etmek bilen bagly alnyp barylýan işler has-da kämilleşdiriler. Ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini dünýä standartlary esasynda kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler.
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025 — 2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň sesleri belentden ýaňlanar. Ilkinji okuw gününde ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy hem-de umumyýaşaýyş jaýy, onlarça täze orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylar. Ähli bilim edaralarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamlar we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna bagyşlanan ilkinji okuw sagatlary geçiriler. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa gadam basjak okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuter sowgat berler. Bu dabaralar ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlar hem-de ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny alamatlandyrýan wakalar hökmünde taryha girer.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärlerini gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.