
Makalalar
299

Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek innowasion tehnika we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalary edýär. Ylym-bilimiň ösdürilmeginde döwlet tarapyndan zerur şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilmeginiň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ähmiýeti uludyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesinde sanly ulgamy ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler amala aşyrylýar. Munuň özi ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini elýeterli etmäge, ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini döretmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli bilim ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy guwandyryjydyr. Şonuň bilen bir hatarda, sanly ulgamyň ösüşini ilerletmek, intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek, milli tor giňişligini, internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ugrunda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy