
Makalalar
227

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we täze tehnologiýalar esasynda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň peýdalanylýar. Kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, düýpli ylma esaslanýan önümçilikler ýola goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmekde gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini halkara derejesinde belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ylmy esasly döwlet syýasaty ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrýar.
Häzirki döwürde ylym adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin ýurdumyzda ylma, ylmy işgärleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda ösüşiň täze, döwrebap nusgasy kemala gelýär. Ylym-bilim, maglumat-tehnologik mümkinçilikler täze belentliklere çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «Beýik işler, depginli ösüşler ylmyň we bilimiň güýji, oýlap tapyşlaryň, ýokary tehnologiýalaryň üstünlikleri bilen amala aşyrylýar. Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzy ylmy esasda ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine kämil bilim bilen has ynamly goşulmagyny üpjün etmek wezipesi öňde goýulýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňeldilýär, geljegi uly ylmy-barlaglary, tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi ýokarlanýar. Ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini işe ornaşdyrmak üçin giň şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ylym ulgamynyň hukuk binýadyny döredip, türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarmagyň täze gözýetimlerini açýar. Häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan sanly tehnologiýalar eziz Diýarymyzyň ylym ulgamynda giňden peýdalanylýar. Bu ugurda elektron resminama dolanyşygy döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda elektron kitaphanalara hem-de dünýä maglumatlar gaznasyna elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny ösdürmek, ylmy işgärleriň alyp barýan ylmy-barlag işlerine has höwesli çemeleşmekleri üçin zerur şertler döredilip, dürli ýeňillikler berilýär.
Halkara we döwletara derejelerde gazanylýan ylym babatyndaky köpugurly Ylalaşyklar, Ähtnamalar, sanly aragatnaşyk ulgamlary arkaly geçirilýän ylmy maslahatlar eziz Diýarymyzyň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Bular döwletimiziň amala aşyrýan daşary, içeri syýasatynyň netijeliliginiň dünýä bileleşigi tarapyndan goldaw tapýandygynyň, mähriban Watanymyzyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar ugurlarynda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň birine öwrülýändiginiň we dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmet çekmek, döretmek, ylmy işler bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Meretguly ÝAÝLYMOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.