Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Makalalar

Sanly bilim

«Bilimli» noutbuklary — çagalara ajaýyp sowgat

29.08.2025

635

«Bilimli» noutbuklary — çagalara ajaýyp sowgat

Her ýyl ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýaş nesilleriň döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalandygynyň hem aýdyň mysallarynyň biridir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy giňden baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bu ugurda öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilýär.

Indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna okuwa barýan bagtyýar körpelere öz ýurdumyzda öndürilýän noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär. Bu asylly iş Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 22-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlipdi. Şondan soňra bu ugurdaky işlere girişilip, ady agzalan kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde jemi 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri öz wagtynda taýýarlanylyp, Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky degişli bilim edaralaryna gowşuryldy.

Noutbuk kompýuterleriniň deň ýarysyny — 68 müň 527-sini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti taýýarlady we olaryň 32 müň 276-sy Daşoguz welaýatynyň, 10 müň 731-si Balkan welaýatynyň, 25 müň 520-si Mary welaýatynyň degişli bilim edaralaryna ýollanyldy. Kompýuterleriň galan ýarysyny taýýarlamak bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty»

— Ähli zerur programmalar bilen üpjün edilen we sanly bilim gurşawyna laýyklykda taýýarlanan noutbuklar ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli we döwletiň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam eder. Täze okuw ýylyna niýetläp taýýarlan kompýuterlerimiziň işleýjilik ukybyny her ýylda artdyrýarys. Geçen ýyl olaryň operasion ulgamy Android 14.0 + Google service bolan bolsa, bu ýyl ony Android 15.0 + Google service ulgamyna çenli ýokarlandyrdyk. Noutbuklaryň operatiw ýadyny bolsa DDR4 4 Gb-dan DDR4 6 Gb-da çenli artdyrdyk. Tor enjamlary barada aýdanymyzda, geçen ýyl ol Wi-Fi 802.11b/g/n we Bluetooth 4.0 bolan bolsa, bu ýylky noutbukda Wi-Fi 802.11b/g/n +BT we Bluetooth 4.0 görnüşdedir. Bu kompýuterleriň ýaş nesilleriň ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orna eýe boljakdygyna ynanýarys — diýip, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň daşary ykdysadyýet bölüminiň başlygy Jennet Altynazarowa gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan taýýarlanan noutbuklaryň 24 müň 376-sy Lebap welaýatynyň, 19 müň 543-si Ahal welaýatynyň, 7 müň 154-si Mary welaýatynyň, 16 müň 954-si Aşgabat şäheriniň, 500 sanysy bolsa Arkadag şäheriniň bilim edaralaryna iberilipdir. 2018-nji ýylda işe başlan kärhananyň işçi-hünärmenleri kompýuterleriň öz wagtynda gowşurylmagyny gazanmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmadylar. «Bilimli» noutbuklarynyň programma üpjünçiligi hem özüniň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Olarda çagalara oýun arkaly sanamagy we ýazmagy öwredýän, körpelere ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny ündeýän oýun görnüşindäki programmalar hem ornaşdyrylan. Hususan-da, «Älemgoşar», «Kitaphana», «Döwlet nyşanlary», «English», «Elipbiý», «Meniň Watanym», «Şekilli aýdymlar» ýaly programmalar çagalaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga, zehinini açmaga ýardam edýär.

«Bilimli» atly noutbuklar Bilimler we talyp ýaşlar gününde ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basjak çagalara ajaýyp sowgat bolar.

Baýnazar BAÝHANOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz