
Makalalar
378

Sapaklary utgaşdyryp guramak
Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda matematika dersi öwredilende dürli meseleleriň mazmuny arkaly okuwçylarda Watana bolan söýgini terbiýelemek, daş-töwerekdäki geometrik şekilleri tanamak endiklerini döretmek zerurdyr. Mugallym bu dersi okadanda okuwçylaryň çalt hasaplamak we pikirlenmek endiklerini ösdürmek maksady bilen, beýleki dersler bilen sapagyny utgaşdyryp biler. Bu okuwçylaryň matematiki ukyplaryny ýüze çykarmaga, her bir işe döredijilikli çemeleşmek endiklerini terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Mugallym matematikany öwretmek bilen, okuwçylaryň akyl terbiýesiniň, ýagny pikirlenmek (intellektual) mümkinçilikleriniň artmagyna düýpli goşant goşýar. Mugallymyň sapak döwründe okuwçylarda öz pikirlerini aýdyň we gutarnykly, gysga we manyly beýan etmek başarnyklaryny, ýazgylary ykjam, tertipli we sowatly ýerine ýetirmek endiklerini terbiýelemegi hökmandyr. Munuň üçin okuwçylara özbaşdak mysaldyr meseleleri, hasaplamagyň dürli usullaryndan peýdalanmagyň düzgünlerini öwretmek ýerliklidir.
Okuwçylara berýän mysallarymyzy beýleki sapaklaryň üsti bilen hem utgaşdyryp öwredýäris. Halk döredijilik eserlerinden, ýagny sanawaçlardan, ertekilerden, nakyllardan hem peýdalanýarys. Bu bolsa çaganyň matematika sapagyna bolan höwesini has hem artdyrýar.
Aýjahan GABAKOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.
* * *
Körpelerde zähmet endiklerini kemala getirmek
Çagalarda irki ösüş döwründen başlap, zähmet endiklerini kemala getirmegiň ilkinji basgançaklary goýulýar. Çaganyň öz ulanýan zatlaryny getirmegini buýurmak, olary degişli ýerlerinde goýdurmak, naharlananda, suw içende özbaşdak hereket etmegi öwretmek onuň häsiýetleriniň kämilleşmegine getirýär. Çagada ene-atasynyň öý şertlerinde edýän işlerini göz astyndan synlap, şolary öz eli bilen edip görmek höwesi döreýär. Şeýle döwürde çagalardan ünsüňi sowmaly däldir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalara zähmet endikleri barada sapaklary ýörite rolikleriň we prezentasiýalaryň üsti bilen hem düşündirmek bolar, sebäbi çaga gören zadyny gowy ýadynda saklaýar we ýerine ýetirmegi başarýar.
Her bir sapakda peýdalanylýan prezentasiýalarda «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky atalar sözünden peýdalanmak hem bolar. Şonda çagalara nakyly okap berip, olaryň manysyny düşündirmäge hem aýratyn ähmiýet berilmelidir. Çaga terbiýesinde zähmet endiklerini kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserlerinden peýdalanmak ähmiýetlidir, sebäbi bu kitaplarda ýaş nesle öwretmäge we öwrenmäge degişli öwüt-ündew berýän wakalar, hekaýalar, gyzykly söhbetler köp. Muny düşündirmek bolsa ene-atalaryň, terbiýeçileriň paýyna düşýär.
Gurbangül HANBERDIÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
* * *
Okuwçylara daşary ýurt dilini öwretmek
Başlangyç synplardan başlap, çagalarda iňlis dili sapagyna bolan höwesi döretmek möhümdir. Kiçiliginden daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi, elbetde, çaganyň fiziki hem-de akyl taýdan ösýän döwrüne gabat gelýär. Şeýlelikde, şu ýaşdaky çagalaryň sözleýişi kämilleşýär, aýratyn ýatkeşligi oňa sesleri, sözleri durnukly aýtmaga, leksik we grammatik endiklerini hem-de başarnyklaryny tiz ele almaga ýardam edýär. Irki ýaşdan dil öwretmek okuwçylaryň aň-düşünjesini giňeldýär.
Iňlis dili sapagynda okuwçylara «Meniň tugum» diýen temany öwredenimizde, Watan hakyndaky düşünjelerini ösdürýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyza we milli Tugumyza söýgi döredýäris. Sapakda multimedia tagtasynda Döwlet nyşanlaryny okuwçylara görkezýäris. Olaryň atlaryny iňlis dilinde aýtmagy öwredýäris we ýat tutdurýarys. Şeýle hem köp sanly görkezme esbaplary ulanyp, ene dili, matematika, surat, tebigat dersleri bilen baglanyşdyryp, sapagyň hilini, täsirliligini ýokarlandyrýarys. Bilim derejelerini barlamak maksady bilen, reňkli slaýdlar arkaly barlag geçirýäris. Bu bolsa okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär. Her bir sapagyň başynda okuwçylaryň depderlerine bellik etdiren sözlüklerimizi soraýarys. Öýe ýumuş tabşyranymyzda bolsa täze sözleri ýazdyryp, ýat tutdurýarys.
Göwher ÇÄŞEMOWA,
Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebiň mugallymy.