
Makalalar
622

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, her bir ynsanyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly maksatlaryň birine öwrüldi. Şu babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk maksatly gurlup ulanmaga berilýän desgalar, iň döwrebap enjamlar ýokary hilli lukmançylyk-bejeriş işlerini, şypahana hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.
Mälim bolşy ýaly, 2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada beýan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu günki günde saglyk ulgamynda durmuşa geçirilýän işler döwrebaplygy, ylma esaslanýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmyň iň täze gazananlarynyň netijesi bolan enjamlaryň saglyk ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy, ylym-bilimli hünärmenleriň kemala gelmegi aýratyn ähmiýetli işlerdir. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak üçin gurulýan hassahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň ýokary innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi saglygy goraýyş ulgamynyň ösýändiginden habar berýär. Mundan başga-da, lukmanlar özleriniň iş tejribelerinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime uly üns berilýär. Bu babatda saglygy goraýyş ulgamynda hem netijeli işleriň alnyp barylmagy buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki wagtda döwletimiziň ylmy merkezlerinde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler, tebigy minerallar bilen adamlaryň saglygyny dikeltmek işleri alnyp barylýar. Ilatymyzyň gündelik ulanýan azyk önümlerini öndürýän ähli kärhanalarda, meselem, nahar duzuny ýod bilen, unlary demir bilen baýlaşdyrmak raýatlaryň saglygyny goramagyň aýdyň kepilidir. Esasan hem, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyny aýratyn bellemek gerek. Tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde tebigy taýdan iň arassa önümleri öndürmäge mümkinçilikler döredilendir. Dagyň arassa çeşmeleri, jana melhem dermanlyk ösümlikler lukmançylygy ösdürmäge şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary bilen ýokary hilli, halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk önümleri aýratyn ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy. Munuň özi dünýä nusgalyk şäherde durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde meşhurdyr. Muňa biz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynda, saglyk maksatly işleriň has-da giň gerime eýe bolýandygynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşaýyş üçin ähli amatlylyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we yzygiderli durmuşa geçiren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Maksatnama esasynda gurlan saglyk maksatly binalar, oba saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar we beýleki desgalar, ilkinji nobatda, nesil sagdynlygyny üpjün etmäge niýetlenendir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy üpjün edilýär. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýaş nesilleriň röwşen geljegini alamatlandyrýan aýdyň mysallardyr. Bu ýurdumyzyň sagdynlygyň mekanydygynyň, sagdyn durmuşyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde döredilýän giň mümkinçilikler saglygy goraýyş işgärleri, lukmanlary örän buýsandyrýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan lukmanlar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ynsan saglygyny goramakda uly işleri alyp barýarlar. Ilatyň saglygynyň berkidilmegi, bu babatda wagyz-nesihat işleriniň ýola goýulmagy oňat netije berýär. Sagdyn durmuşy wagyz etmäge biziň her birimiz işjeň gatnaşmalydyrys. Bu barada lukmanlar hem, bilim işgärleri hem wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Wagyz-nesihat işlerinde adamlara sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda düşündirýäris, geljekde sagdyn nesli terbiýelemek barada gürrüň edýäris. Biziň maksadymyz ilatyň saglygyny gorap saklamak we ömrüň dowamlylygyny artdyrmakdyr.
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.