
Makalalar
945

Başlangyç synpda öwrenilen bilimler geljek üçin berk binýatdyr. Şonuň üçin hem başlangyç synplardaky sapaklary guramaçylykly, täsirli guramak mugallymyň tejribesine baglydyr. Mugallym okuw-terbiýeçilik işinde pedagogik ukyplaryny doly derejede ulanmalydyr. Döwrebap okatmak we terbiýelemek işi mugallymyň öňdebaryjy dünýägaraýşynyň ösendigini beýan edýär. Bu babatda mugallym hemişe ösen derejedäki bilim-başarnyklary, endikleri, medeni hem-de pedagogik gönükdirilmesini ýokarlandyryp durmalydyr.
Orta mekdepleriň başlangyç synpynda harplar öwredilýär, okamagyň, ýazmagyň kämilleşdirilmegi üçin ýeňiljek tekstler okadylýar. Ynha, 1-nji synpda okuwçylar harplary doly özleşdirýärler. Harplary özleşdirmek — bu okuwçylaryň harplary okamagy we ýazmagy başarmaklaryny aňladýar. Alty ýaşly çagalara harplygy öwretmekde okuw kitabyndan we multimedia tagtasyndan peýdalanmalydyr. Şu nukdaýnazardan, sapagy täsirli guramak maslahat berilýär. Mysal üçin, sapagyň temasy «Ç» harpy (sesiniň öwredilişi). Ilki bilen, mugallym «Ç» harpy bilen başlanýan sözleri we surat şekillerini multimedia tagtasynda görkezýär. Okuwçylar suratlaryň şekilinden olaryň atlaryny aýdýarlar. Meselem çörek, çaý, çemçe, çelpek. Şunda okuwçylara tema barada giňişleýin, sada dilde düşündirilýär, şekilli görnüşleri mugallym okap berýär.
Sapakda geçilýän temany, harp barada oýunlaryň ýa-da görkezme esbaplaryň kömegi bilen hem düşündirmek bolýar. Harp barada oýunlar öwrediji häsiýete eýe bolmalydyr. Mysal üçin, okuwçylary iki topara bölüp, «Ç» harp bilen başlanýan sözleri tapmagy şert edip goýmaly. Haýsy topar sözleri köp tapsa, ýeňiji bolýar. Bu usul okuwçylaryň pikirlenişini ösdürýär, söz baýlygynyň artmagyna täsir edýär. Netijede, mugallym okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanýar.
Sapagyň dowamynda okuw kitabynda ýerleşdirilen sözleri okuwçylar bilen bilelikde okamaly. Okamak bilen okuwçynyň pikirlenişi ösýär. Şeýle hem okuwçyda okamak endiginiň ilkinji binýady goýulýar, okamaga girişýär. Mugallym bilen okamak çagada kitaba bolan söýgini hem terbiýeleýär. Şonuň üçin okuw kitaby sapagy guramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Sapagyň ahyrynda okuwçylara öýe iş tabşyrýarys. Okuw kitaplarynda ýerleşdirilen sözleri özbaşdak okamalydygyny, geljek sapaklarda okamagyň dowam ediljekdigini düşündirmeli. Şeýle-de depderlerine «Ç» harpyny owadan we arassa ýazmagy tabşyrmaly. «Ç» harpy bilen baglanyşykly sözleri ýatdan öwrenmelidigini hem tabşyrýarys.
Başlangyç synpda sapaklary guramaçylykly alyp barmak, öwrediji häsiýetde guramak mugallymyň ussatlygyna hem baglydyr. Bu babatda häzirki döwrüň iň kämil usullaryny ulanmak möhümdir.
Zöhre ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň mugallymy.