
Makalalar
391

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçilerimiz sapaklaryň talabalaýyk hem döwrebap guralmagy üçin öňünden oňat taýýarlyk görýärler. Çagalaryň her bir tarapdan başarnyklaryny ösdürmek üçin körpäniň nämä ukyplydygyny öwrenmek terbiýeçiniň esasy işleriniň biridir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda goşmaça bilim bermek, ýagny çeper döredijilik we ösdüriji gurnaklaryň işiniň ýola goýulmagy hem körpeleriň dürli ugurlardan zehinleriniň açylmagyna, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaşlaryň kemala gelmegine uly ýardam edýär. Çagalar baglarynda gurnaklarda körpeler öz ukybyna görä gyzyklanýan ugurlary bilen meşgullanýarlar.
Çaganyň terbiýeli, oňat gylyk-häsiýetli, köpçülikde özüni edepli alyp barmak endigini ösdürmekde halk döredijilik eserlerini öwretmegiň hem ähmiýeti uludyr. Munuň üsti bilen körpeleriň pikirlenişi, sözleýşi, ýat tutup bilmek endigi hem ösýär. Sözleýşi ösdürmek, sowat öwretmek, ýönekeý matematika boýunça hasaplamalary, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklarynda halk döredijiliginiň görnüşlerini öwretmek mümkin. Tebigat, pasyllar, haýwanlar bilen bagly matallary, tapmaçalary ýat tutdurmak we ýumuş hökmünde çözdürmek çaga üçin has gyzykly. Matematiki sanlar, amallar boýunça hasaplamagy öwretmek bilen bagly tapmaçalary, sanawaçlary aýtdyrmak esasynda olaryň işjeňligini gazanyp bolýar. Çagalar sanawaçlary säginmän sanamak üçin birnäçe gezek gaýtalaýarlar. Sanawaçlary sanamagyň dile ýeňilligi olaryň has hem höwesini artdyrýar. Şeýle hem ýaňyltmaçlary ýalňyşman aýtmagy öwrenýän çaganyň has artykmaç taraplaryny bellemek bolar. Beýle çagalaryň sany toparlarymyzda has hem köp. Ýalňyşman we ýadaman, sabyrly bolup, ýaňyltmaçlary dürs sanamagy başaran çagalary aýratyn şekiljikler bilen tapawutlandyrmak, elbetde, olaryň sözleýiş dilini has hem kämilleşdirýär. Mysal üçin: «Mele pişigiň guýrugyna ýaşyl ýüpek çyrmaşsa-da bolar çyrmaşmasa-da bolar», «Bu üzüm turşumtylja üzüm, turşumtylja bolsa-da, süýjümtilje üzüm».
Çaga durmuşynda ertekiler hem aýratyn ähmiýete eýedir. Munda çagalara ösümlikler, haýwanlar, adamlar bilen bagly ertekileri okap bermek we öwretmek has täsirlidir. Gyzykly wakalar we ertekiniň gahrymanlarynyň keşpleri olarda has hem täsir galdyrýar. Çagalar bilen gysga görnüşli sahnalar hem taýýarlanylýar.
Geçilýän harplara degişli türkmen halk ertekileri boýunça yzygiderli taýýarlanylýan slaýdlar çagalary ertekiler dünýäsine syýahata alyp barýar. Okatmagyň sözüsti usuly görkezme esbaplar bilen okatmak usuly bilen birleşip, sapagyň has netijeli bolmagyna ýol açýar.
Ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri esasynda gyzykly pursatlar döredilip, olaryň häsiýetlerine çagalar aýratynlykda baha berýärler, ertekiniň gahrymanlarynyň sözlerini ýatdan öwrenýärler. Şeýle pursatlar boýunça ýörite taýýarlanylýan görkezme esbaplar çagalarda has-da täsir galdyrýar.
Tylla ÖWEZGURDOWA,
Sarahs etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň müdiri.