
Makalalar
395

Gündogaryň meşhur alymy, şahyr, yslam edebiýatynyň görnükli wekili Muhammet Jelaleddin Rumynyň döredijiligi dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Pähim-pelsepewi garaýyşlary, mesnewilerindäki temalaryň köpdürlüligi bilen tanalan dana şahsyýet diňe bir Gündogarda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly yz galdyrdy. Şahyr mesnewilerinde diňe bir sopuçylyk-pelsepe garaýyşly mazmunyny beýan etmek bilen çäklenmän, grekleriň, gadymy rimlileriň, ermenileriň, araplaryň we Gündogaryň beýleki halklarynyň halk döredijiligindäki rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary hem ýerlikli ulanmagy başarypdyr.
Rumynyň adyny belent derejä ýetiren eserleri «Diwan-i kebir («Uly diwan») hem-de «Mesnewi» atly alty kitapdan ybarat eserleridir. Bularyň birinjisiniň «Diwan-i Şamse-i Tabrizi» («Şems Töwriziniň diwany») diýlip atlandyrylýan ýerleri-de bar. Diwan 3230 sany gazaly (35 000 setir), 44 kasydany (1700 setir), 2000 rubagyny özünde jemleýär.
Şahyryň döredijilik aýratynlygy hökmünde goşgy düzülişiň mesnewi görnüşinden has köp peýdalanandygyny bellemek gerek. Iki setirden ybarat bolan goşgy bentlerinde öz döwrüniň syýasy, medeni, edebi gatnaşyklary ýiti mazmunda beýan edilipdir.
Umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly ýörelgeleri öz döredijiliginde ündän akyldar şahyr Rumynyň mesnewilerinde parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, agzybirlik, birek-biregi hormatlamak ýaly pikirler öňe sürülýär:
Parahatlyk dilege ýol, şadyýanlyk — merdiwan.
Goşgy setirinden görşümiz ýaly, parahatlyk — ýagşy işlere, üstünlige alyp barýan ýol. Diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, häzirki ajaýyp döwrümiziň hem esasy şygary bolan parahatçylyk, dostana gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy ýaly meseleleri Rumynyň şygryýet dünýäsinden tapmak mümkin.
Gapymyzy açdyk biz, yrak tutmaň siz dosty,
Soňky nesli size goşduk, budur söýginiň muzdy.
«Gapymyzy açdyk, dostlukly gatnaşalyň!», «Soňky nesiller siz şu ýoldan ýöräň!», «Bir-birek bilen agzybir gatnaşmaklyk sylag-sarpa, söýgi bilen garamak — nesillere ata-babalardan galan miras» diýen manylary özünde jemleýän bu setirlerdäki many soňky mesnewilerde has-da çuňlaşýar:
Ony görmekden mahrum boljak bolsa gözlerim,
Dosta laýyk däl bolsa, men körlüge dözerin.
Diýmek, halkyň parahatlygy, asuda durmuşda ýaşamagy adamlary jebisleşdirýär, dostlaşdyrýar. Eger adamlar özüni dostlukly gatnaşyga laýyk görmeseler, görer gözüň gymmaty hem ýok. Adamy adam hökmünde tanadýan barlyk jemgyýetdäki tutýan orny bilen ölçenilýär.
Ýok bolsa kalbyňda haýryň tohumy,
Ýazyň gyşa döner, bilip goý şuny.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Rumynyň türkmen medeniýetiniň gadymy kökleri we milli aýratynlyklaryndan söz açyp, türkmeniň bu beýik alymyny «Türkmen ulamasy Jelaleddin Rumy» diýip ýatlap, onuň ynsany ýaşaýşa ruhlandyrmaga, nesli belent duýgular bilen terbiýelemäge gönükdiren ýol-ýörelgelerine ýokary baha berýär. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmen ulamasy Jelaleddin Rumynyň pelsepesine görä, tans Günüň şöhleleriniň kalby heýjana getiriji nurlaryna meňzeşdir. Ynsan köňlüniň töründen möwjäp çykyp, bedeni herekete getiriji egsilmez güýçdür».
Şahyryň edebi mirasynda türkmen halkynyň syýasy-jemgyýetçilik, ruhy-medeni garaýyşlary, baý şöhratly taryhy, halk döredijiligi, däp-dessurlary giňden wasp edilýär. Türk alymy Müjgan Junbur Rumynyň eserlerindäki türkmenler hakyndaky maglumatlary öwrenen alymlaryň biridir. Ol «Möwlana görä türkmenler», «Möwlananyň şygyrlaryna görä XIII asyrda türkmenleriň ýaşaýyşlary» atly makalalarynda Anadoly seljuklarynyň XIII asyr durmuşy, ýaşaýyş-durmuş meseleleri, döwrüň taryhy we syýasy wakalary bilen birlikde Rumynyň «Mesnewisindäki» türkmen däp-dessurlaryna bolan çäksiz söýgüsi barada hem durup geçipdir.
Beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyň eserleriniň atlarynyň sanawy sähelçe-de bolsa, möçberi hem many gymmaty boýunça baha berlende ummasyzdyr. Şahyryň döredijiligi, onuň ähmiýeti hem dünýä edebiýatynyň taryhynda eýeleýän orny barada türk, pars, iňlis, rus dillerinde köp sanly düýpli işler döredildi. Jelaleddin Rumynyň eserlerini dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de ol barada giňişleýin ylmy-derňew işlerini ýazmak işi häzir hem dowam edýär.
Güljahan ABDULLAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň mugallymy.