Aşgabat
Makalalar
104
Aslynda, daşary ýurt dilini öwrenmäge her kime bir zat sebäp bolýar. Ýöne daşary ýurt dilini hünär hökmünde saýlaýan ýaşlarda bu höwesiň çagalykdan başlanýandygyna ynanasyň gelýär. Çaga dünýä inen gününden daş-töweregindäki adamlaryň ählisiniň şol bir heňde, şol bir owazda gürleşmegine uýgunlaşýar. Onuň gulagynda ene diliniň sözleri zol-zol ýaňlanýar. Emma soňra teleýaýlymlarda ýa-da kompýuterlerde multfilmlere, kinofilmlere ýa-da çagalara niýetlenen beýleki gepleşiklere daşary ýurt dillerinde tomaşa etmegi çaganyň ünsüni çekýär. Eşidýän sözleriniň öz gepleýän dilindäkiden üýtgeşik bolmagy onda gyzyklanma döredýär. Bilesigeliji çaga haýsydyr bir diliň del owazy täsir edýär. Diýmek, onuň gepleýän dilinden başga hem nätanyş dil bar eken. Hemme adamlar özi ýaly gepleýändir öýdüp ýören çaganyň dünýäsinde täze gapy açylýar. Öz gepleýän dilinden başga diliň bolmagy, şol bir düşünjeleriň başga sözler bilen ýaňlanýandygy onda şol dili öwrenmäge bolan höwesi oýarýar.
Öňler ýaşlar daşary ýurt dili hökmünde galapyn rus dilinde gürlemäge ýykgyn edýän bolsa, indi iňlis we beýleki dillerde erkin gürleýänleri görmek geň däl. Döwrüň özgermegi hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen teleýaýlymlar arkaly ýa-da habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleriniň ýiti täsiri bilen, ýaşlar bu gün rusça we iňlisçe bilen bir hatarda, fransuz, hytaý, ispan, italýan, arap, pars we beýleki dilleri öwrenmäge hem ýykgyn edýärler. Elbetde, bu ýagdaý döwlet tarapyndan ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegine berilýän ähmiýetden hem gözbaş alýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň ýola goýulmagy, şol ýurtlardan pedagoglaryň we beýleki hünärmenleriň getirilmegi, halkara guramalaryň ýörite maksatnamalary esasynda ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda okuw sapaklaryny geçmegi, garaz, degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegi dürli dilleri öwrenýän ýaşlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Şeýle-de belli bir daşary ýurt diline ýöriteleşen orta we ýokary okuw mekdepleriň açylmagy, degişli ugurlar boýunça täze hünärleriň ýola goýulmagy, öwrenýän dilleri boýunça çeper terjimede güýjüni synamak isleýänler üçin «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň döredilmegi ýaşlar üçin uly mekdep boldy.
Daşary ýurt dilini öwrenýänler, hususan-da, edebiýat muşdaklary göwnünden turan çeper eserlerini ene diline terjime etmäge meýilli bolýar. Bu isleg daşary ýurt dilinde okan çeper eserini ýakynlarynyň, tanyş-bilişleriniň, galyberse-de, okyjylaryň okamagyny islemek duýgusyndan başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk ýyllaryndan öň daşary ýurt dillerinden türkmen diline terjime edilýän eserler galapyn rus diliniň üsti bilen terjime edilen bolsa, häzirki wagtda dünýä edebiýatynyň eserleri asyl nusgasyndan, ýagny eseriň ýazylan dilinden terjime edilýär. Bu bolsa çeper eserleriň many-mazmunynyň ýoýulmazlygyna, ýagny şol dilde gürleýän halkyň milli aýratynlyklarynyň saklanmagyna ýardam edýär.
Çeper eserleriň terjimesi hakynda söhbet açylanda, iňlis dilinde ýazylan eserleriň rus dilinden terjime edilen nusgasyndan tapawutlanýan taraplarynyň ýüze çykýandygy mälimdir. Muňa mysal hökmünde, rus dili bilen iňlis diliniň grammatika babatynda, has takygy, sözlem gurluşy taýdan, türki dilleriň sözlem gurluşyna garanyňda, meňzeş gelýändigini bellemek bolar. Emma türkmen dilindäki sözleriň aýdylyşy, ýagny fonetikasy babatda iňlis hem türkmen dillerine mahsus umumylyklara (iki dilde hem «ň» sesiniň, ýumşak aýdylýan «w», «h» sesleriniň bolmagy) gabat gelmek bolýar. Sözlem gurluşlary babatda meňzeşlikleri bolan rus hem iňlis dillerinde eýerjeňli goşma sözlemleriň başynyň rus dilinde «когда», iňlis dilinde «when», ýagny («haçan-da») ýaly sözler bilen başlanmagy adaty ýagdaý. Emma türkmen diline mahsus grammatik kadalara laýyklykda, «haçan-da» diýen söze derek işlige goşulýan «-da, -de» goşulmasyny ulanmak hem mümkin. Edil şunuň ýaly ýagdaýy başga bir mysalyň üsti bilen hem düşündirip bolar. At çalyşmalarynyň ulanylyşynda hem türkmen diliniň bu babatda rus hem iňlis dillerinden tapawutlanýandygyny aýdyp bolar. Rus dilinde «Я», iňlis dilinde «I» at çalyşmalaryny türkmen dilinde işligiň soňuna goşulýan goşulmalar arkaly hem aňlatmak mümkin. Aýdaly, «I go to school» diýen sözlem, adatça, «Men mekdebe gidýärin» diýip terjime edilýär. Emma türkmen diliniň özüne mahsus kadalaryny göz öňünde tutup, bu sözlemi «Mekdebe gidýärin» diýen görnüşde terjime etmek sözlemde söz artykmaçlygynyň öňüni alýar. Çeper terjime babatda diliň şu aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak has-da zerur. Çünki çeper eserler okyjylaryň lezzet alyp okamagy üçin terjime edilýär. Şonuň üçin çeper eserleri terjime etmekde daşary ýurt dillerini kämil bilmek hem hökmandyr welin, esasy öz ene diliň şirinligini duýmak we çeperçilik serişdelerini ulanmak möhümdir.
Umuman, daşary ýurt dilini öwrenmek bilen şol dile mahsus sözleri, grammatik, semantik hem-de fonetik aýratynlyklary ele almakdan ötri has uly dünýä aralaşýandygyňa, bilimiňi göz öňüne getirişiňden hem has çuňlaşdyrýandygyňa, bir söz bilen aýdanyňda, täze dünýäniň gapysyndan ätleýändigiňe dura-bara akyl ýetirýärsiň. Çünki daşary ýurt dilini öwrenmek diýmek, şol halkyň edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, milli ýörelgelerini, taryhyny, umuman, aňyýetini öwrenmek we özleşdirmek diýmekdir. Bu bolsa dil öwrenýän islendik adamyň täze pikir-garaýyşlaryň üstünden barmagyna we gözýetiminiň giňemegine ýol açýar. Şunlukda, dil öwrenýäris diýsegem diýýäris welin, aslynda, ýeke bir dil däl-de, täze dünýäni öwrenýäris.
Bakygeldi NURYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
"Watan"
05.11.2024ý. №89
Çeşmesi: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly