
Makalalar
759

Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilimiň orny uludyr. Çünki ähli ösüşler ylym-bilimiň iň täze gazananlary, döwrebap tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ylmyň gazananlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ösüşiň berk binýady hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işi kämil derejede ýola goýulýar. Ylymdyr bilimiň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň uzak geljeginiň şöhratly döwrüne ak ýol açýar.
Merdana ata-babalarymyz bilimli iliň ozjakdygy hakynda ençeme gyzyldan gymmatly pähimleri döredipdirler. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okan il ozar» diýlişi ýaly, ençeme nakyllaryň döremegine taryhy döwürleriň durmuş hadysalarynyň sebäp bolandygy hemmämize mälimdir. Aslyýetinde-de, ynsanyň kuwwaty ylym bilen ölçelýär. Türkmeniň keramatly topragy taryhyň dürli döwürlerinde hem ylmyň pajarlap ösen zamanlaryny ýaşaýşa ençeme gezek peşgeş edip, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öçmejek ýazgy galdyran mekan. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Bu ajaýyp kitaplarda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, alymlary, akyldarlary hakynda gymmatly maglumatlar jemlenendir.
Häzirki wagtda parahatçylygyň we ynanyşmagyň, beýik ösüşleriň mekany hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan Watanymyz belent üstünliklere eýe bolýar. Türkmen alymlary, edebiýatçylary, taryhçylary geçmiş mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenýärler. Şu ugurda Nusaýda, Merwde, Köneürgençde we beýleki taryhy şäherlerimizde ýaşan alymlaryň ylmy kitaplaryny, ýaşan döwürlerini öwrenýärler. Gündogaryň görnükli alymlary — Muhammet al Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Al Jürjany, As Samany ýaly dünýä ylmynda şöhratly yz galdyran akyldarlar hakyndaky maglumatlar örän ünsüňi çekýär. Häzirki wagtda olaryň döreden eserleri gymmatly çeşme hökmünde dünýäde hem uly gyzyklanma bilen öwrenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur aladasy bilen türkmen ylym-bilim ulgamy belent üstünliklere eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly türkmen ýaşlary dünýäde geçirilýän bilim bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlikli orunlara eýe bolýarlar. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Dünýäde geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlik gazanýan ýaşlarymyz özleriniň watansöýüjiligi bilen köňüllerimizi buýsandyrýar. Şeýle ýaşlarymyzyň, zehinli okuwçylarymyzyň gazanýan üstünligi bilim özgertmeleriniň aýdyň netijesini beýan edýär. Çünki ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.
Täze taryhy döwürde öz gerimi boýunça bu ugurda juda uly işler bitirildi. Ýurdumyzda ylymdyr bilimiň ygtybarly hukuk binýady döredildi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem esasy maksatlar we wezipeler kesgitlenildi. Bilim, ylym we ylmyň gazanan ýokary tehnologiýalary boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler döredilip, bu ýurt ähmiýetli işlere kuwwatly itergi berildi.Ylmy-barlag edaralary, ýokary, ýörite orta hünär, orta mekdeplerimiz, önümçilik kärhanalarymyz iň häzirki zaman ösen tehnologiýalar, kompýuterler, multimedia, interaktiw okuw esbaplary we internet ulgamy bilen yzygiderli üpjün edilýär. Elbetde, bu ugurda amal edilýän beýik işleriň ählisiniň bitewilikde tutuş jemgyýetimizi ösdürmäge, şonuň bilen birlikde ylmy hil taýdan täze derejelere ýetirmäge, ylmy barlaglaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilmegi köpçüligiň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine has oňaýly täsir edýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan döwrebap ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek üçin hormatly Prezidentimiz beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri röwşen geljegimiziň has-da ösüşlidigini aýdyň beýan edýär.
Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.