Aşgabat
Makalalar
93
Ömrüň iň bir arzyly, ajaýyp ýyllary ýaşlykda jemlenen. Elbetde, ýaşlykda güýç, gaýrat, kuwwat, ösüş bar. Şonuň üçinem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn uly üns berlip, olara giň ýol açylýar. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara döwletimiziň kuwwatly güýji, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegi, döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesi, baky dowamaty hökmünde garaýar. Şeýle ajaýyp garaýyşlar, pikir-düşünjeler, ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler, olaryň gazanan beýik üstünliklerine buýsanç duýgulary bilen ýugrulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň joşgunly akabasyndan ýazylan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby bütin halkymyza, esasan-da, biz — ýaşlara beren Şa serpaýydyr.
Adam ömrüniň manysy hakynda pikir öwreniňde, juda köp zatlar hakydaňda janlanýar. Eýsem, ömrüň manysy nämelerden ybarat?! Bu sowala hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ilkinji sahypalarynda juda ýerlikli jogap berilýär: «Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri. Uzak gözýetimlere atygsaýan maksatlarymyz hakda düýpli oý-hyýallara berlenimizde, geçilen ýollaryň netijesine göz aýlamak makul görülýär».
Kitaby okadygyňça ömri manyly ýaşamagyň syrlary öz-özünden aýan bolýar. Manyly jümlelerdir owadan suratlar bilen bezelen sahypalara nazar aýlanyňda, ýaşlygyň, ýaşaýşyň tämiz howasy gurşap alýar. Geliň, şeýle ajaýyp duýgulary bagyş edýän gymmatly kitaba seýil edeliň!
Beýik şahsyýetleriň ykbaly Watan bilen bagly bolýar. Watana bolan söýgi ýeňişlere, abraýa, ösüşe ýetirýär. Çünki «Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli». Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bilen Watanyň jebisligini artdyryp, ýurdumyzy ösdürmegiň täze-täze tapgyrlaryna badalga berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby tutuşlaýyn watançylyk duýgy-düşünjelerine eýlenip, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Eserde öňe sürülýän Watany goramak, ýurduň ösüşine öz mynasyp goşandyňy goşmak baradaky pikirler nesil terbiýesinde möhüm orna eýedir. Bu mukaddes borç ýaş nesillere edep-terbiýäniň üsti bilen öwredilýär. Watançylyk ruhunda terbiýelenen ýaşlaryň ylym-bilim alyp, täze açyşlardyr üstünlikler bilen ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşjakdygy bolsa ikuçsuzdyr.
«Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi», «Ylym akyldan dem alar» ýaly atalar sözlerini, nakyllary döreden halkymyz häzirki wagtda ylym-bilime ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýar. Dogrudan-da, ylym — şu günümizi, geljegimizi ýagtylandyrýan şamçyrag, döwrümize manyly şygardyr. Diňe ylym-bilimli nesilleri ýetişdiren halk beýik ösüşlere, ajaýyp günlere ýardyr.
Bilim bilen täze sepgitlere, arzyly maksatlara ýetilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň täze gazananlaryna esaslanýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim beriş ulgamy hereket edýär. Ýaşlaryň halkara we döwlet derejesinde geçirilýän birnäçe bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri milli bilim ulgamynyň barha kämilleşýändiginden habar berýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyndan hem göz ýetirmek bolýar. Eserde bilim bilen terbiýäniň juda berk baglanyşyklydygyna üns çekilip, olaryň biri-birinden aýryp bolmajak güýçdügi nygtalýar: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr». Ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe kadalary bilim bilen utgaşdyrylanda, kämil, giň dünýägaraýyşly şahsyýet kemala gelýär.
Gymmatly kitabyň ylym-bilim, ýaşlaryň bu ugurdaky gazanan üstünlikleri baradaky bölümlerinde beýan edilýän gymmatly maglumatlar nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň gyzylyň gyryndysy ýaly setirlerini ýatladýar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň pederi — ylymsyz adamlaryň haýsydyr bir işi ýerine ýetirişlerini sapaksyz iňňe bilen tikin tikjek bolmaklyga, galamsyz hat ýazjak, teşesiz agaç ýonjak bolmaklyga deňän Döwletmämmet Azady ylym-bilim öwrenmekligiň peýdalary, zerurlygy hakynda: «Ger guş olsa, bu ylymdyr ganaty, // hem ylymdyr jümle älem zynaty» diýýär. Akyldaryň ylym-bilim baradaky pelsepewi pikirleriniň kömegi bilen, bu kitapda ýaşlaryň bilimi bilen baglanyşykly wezipelere, anyk maglumatlara aýratyn orun berlendigine göz ýetirmek bolýar. Çünki ylym täze dünýäniň altyn gapysydyr, bilim bolsa ol ajaýyp dünýäniň ýeke-täk açarydyr.
Ýerine ýetirilýän işlerde uly üstünlik gazanmagyň ýoly öňde goýlan wezipeleriň maksatnamalaýyn hem-de kanunçylyk esasynda alnyp barylmagydyr. Meýilnamalaşdyrylan işler özüniň datly miwelerini berýär, kanun taýdan berkidilen meseleler bolsa çözüw menziline elmydama ýakyn bolýar. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlar barada alnyp barylýan işleri maksadalaýyk amal etmek üçin kabul edilen kanunçylyk namalary milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza esaslanýar. Olar ýaşlaryň durmuşda öz ornuny tapmaklaryna, hünär öwrenmeklerine, alyp barýan işlerinde ýokary netijeleri gazanmaklaryna gönükdirilendir. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitapda bellenilişi ýaly: «Bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Ýaşaýyş jaý kodeksleri, «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi». Bular bolsa ýurdumyzda ýaşlaryň ähli ugurlar boýunça kämilleşmekleri üçin edilýän aladalardan habar berýär.
Haýsydyr bir halkyň taryhyny, ruhy gymmatlyklaryny öwrenjek bolsaň, ilki bilen, onuň edebiýatyna ser salynýar. Çünki edebiýatda milletiň ruhy, asyrlaryň keşbi, millilik saklanýar. Şeýle güýje eýe bolan edebiýat adamlarda ruhy gözelligi, ter duýgulary, belent pikirleri oýarýar. Sebäbi ruhuň önümi bolan edebi eserlerde kelamyň gudraty, many goýazylygy bar. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaba salgylansak, hormatly Prezidentimiz «edebiýat» diýlen düşünjä juda ýerlikli kesgitleme berýär:
«Edebiýat — ruhyýet!
Edebiýat — watançylyk duýgularyň dabaralanmasy!
Edebiýat — halk!
Edebiýat — döwür!
Edebiýat — Watan!
Edebiýat — taryh, şu gün we geljek!».
Türkmen edebiýatynyň synmaz sütüni bolan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň perzent terbiýesi bilen baglanyşykly şygyrlaryndan bölekleriň bu kitapda ýerleşdirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar. Kitapda dana Magtymgulynyň gözel dünýäsiniň ruhy duýulýar. Çünki akyldar şahyrymyz bu gün goja dünýäniň dilinde sena öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bölüminde ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň hünär öwrenmekleri, okamaklary, zähmet çekmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin söhbet edilýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly: «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, // Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa». Häzirki wagtda ýurdumyzyň zenanlary alnyp barylýan köpçülikleýin işlere işjeň gatnaşýarlar, dürli wezipelerde halal zähmet çekýärler. Bu bolsa zenanlaryň Watanymyzyň barha öňe ilerlemeginde aýratyn ornunyň bardygyny aňladýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlar bilen öňe barýan ýaşlara Şa serpaýy bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaş nesilleri beýik ýeňişlere sary ruhlandyrýar. Sözüň gudratly güýjünden gözbaş alýan bu eser uly üstünliklere, täze başlangyçlara badalgadyr.
Nury SAKÇYÝEW,
«Nesil».
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024